Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
HAZAR DEŇZINIŇ DEREJESI, ONUŇ ÜÝTGEMEGINIŇ SEBÄPLERI
03.02.2025

Hazar (Kaspiý) deňziniň geologiki taryhy dünýä alymlary, hünärmenleri, ýöriteleşdirilen ylmy-barlag institutlary, ekspedisiýalary, deňíz syýahatçylary tarapyndan uly gyzyklanma bilen hemmetaraplaýyn öwrenilip gelinýär. Bu meseläniň çözgütlerine Russiýa Federasiýasynyň (öňki SSSR) Ylymlar akademiýasynyň alymlary uly goşant goşdular we netijeli barlaglary has çuň derejede dowam etdirdiler. Hazar suw basseýniniň aýratynlyklaryny hemmetaraplaýyn, has çuň derejede öwrenmek üçin ýörite alymlar topary döredildi.

Häzirki wagtda köp sanly ylmy-barlag institutlary deňiz şertlerinde bolup geçýän hadysalaryň, olaryň suw derejesine edýän täsiriniň üstünde işleýärler. Halkara ylalaşygy boýunça Baltika deňziniň tekizligi Ýer şarynyň çäginde başlangyç nokat dereje hasap edilýär. Şol çyzykdan aşakda yerleşýän ýr bölegi "minus", ýokardakysy "plýus" bilen bellenilýär (altituda).

Hazar deňziniň meýdany 3 mln. 500 müň km²³, suw tekizliginiň meýdany 424 müň km², derýalaryň deňze guýýan ýalpaklarynyň meýdany 3 mln. km² barabar. Hazar we onuň basseýni tebigy baýlyklaryň uly resurslaryny özünde saklaýar. Kenarýaka zolagynda köp sanly senagat derejeli nebitgaz ýataklary, deňiz portlary ýerleşýär, gymmat bahaly himiki duzlar alynyar.

Deňiz derejesiniň durnuksyz üýtgäp durýandygy bilen baglanyşykły dürli görnüşli tebigy hadysalary belläp geçmek ýerlikli bolar. Olaryň hatarynda deňiz geologiýasy, deňziň we onuň basseýniniň klimaty, deňziň kenarýaka hadysalary, deňizde bolup geçýän suw toplumlarynyň akymy we tolkunlary, suwuň himiki düzümi, fiziki häsiýetleri, suw balansy we deňiz derejesi we şoňa menzeş aýratynlyklary görkezmek bolar.

Hazar deňziniň derejesiniň dürli geologiki döwürlerde durnuksyzlygyny, toplanan maglumatlaryň seljermesiniň esasynda ylmy barlagçylara derňemek başartdy.

Ýüzlerçe million ýyl mundan ozal, häzirki Hazar basseýni, ony gurşap alan uly ummanyň astynda bolupdyr. Paleozoý, mezozoý, kaýnozoý döwürleriniň dowamynda, häzirki Hazar deňziniň demirgazyk böleginde tektoniki göterilmeleriniň netijesinde täze ýer bölekleri, günorta böleginde uly çöketlik emele gelýär.

Miosen döwrüniň ortalarynda, takmynan, 20 million ýyl mundan ozal Gara we Hazar deňizleri suw ummanynyň çäginden saýlanyp, täze az duzlulygy bilen tapawutlanan özbaşdak deňizler emele gelýär.

Güýçli geotektoniki hereketleriň netijesinde pliosen döwrüniň, takmynan, 6 million ýyl mundan ozal, ýer bölekleriniň göterilmeleri Gara we Hazar denizleriniň çäklerini has berkidýär.

Ýokary pliosen döwründe Hazar deňzi takmynan häzirki görnüşine gelýär we meridional ugur boýunça günortadan demirgazyga uzalyp gidýär. Onuň çuňlugy demirgazyk böleginde, takmynan, 5-10, orta böleginde 800 we günorta böleginde 980 metre ýetýär. Suwuň duzlulygy (şol sanda Türkmen böleginde) 14 g/l töweregine barabar. Ýokary pliosen we çetwertik döwürlerinde Hazar deňzi howa şertleriniň täsiri astynda güýçli gaýtalanýan suw joşmalaryny we çekilmelerini başdan geçirýär.

Çetwertik döwrüniň hwalyn aralygynda Hazar deňziniň derejesi häzirki wagt bilen deneşdirlende 75 m ýokary bolupdyr. Deňziň düýbüniň dik ugurly tektoniki hereketlerinden, güýçli wulkan hadysalaryndan başga-da, deňiz derejesiniň üýtgemeginde, howa şertleri kesgitleyji orny eyeleýär.

Deňiz derejesiniň maksimumy, onuň suw tekizliginiň az mukdarda bugarmasynyň we oňa derýa suwlarynyň uly göwrümde guýulmagy netijesinde yüze çykýar.

Howanyň temperaturasy, çyglylygy, atmosfera ygaly, basyşy, güýçli howa akymlary deňiz derejesine oňaýly täsirini yetirýär.

Hazar deňziniň suw toplumynyň akymlary, esasan derýa suwlarynyň möçberi we deňiz düýbüniň relýefi bilen baglanyşykly.

Hazar deňzine Wolga, Ural, Emba, Etrek, Lenkoran, Kura, Samur, Sulak, Terek ýaly uly derýalar suwlaryny guýýarlar. Olardan başga-da 100-e golaý ownuk, gözbaşyny Dagystan, Eýran dag gurluşlaryndan alýan derýalar deňziň suw balansyny berkidýärler. Diňe Wolga derýasy her ýylda 160-360 km³ suw üpjünçiligini amala aşyrýar.

Derýalaryň suw üpjünçiligi, deňiz suw akymlarynyň döremegine gös-göni täsir edýär. Suw akymlarynyň tizligi 30-40 sm/sek jetýär. Demirgazykdan günorta ugur boýunça akymlar sowuk, günortadan demirgazyga ýyly derejeliligi bilen häsiýetlendirilýär.

Hazar deňzi dünýäde iň güýçli tolkunlary bilen tapawutlanýan deňizleriň hatarynda durýar. Tolkunlar suwuň üstki we aşaky böleklerini garyşdyryp, kislorody uly çuňluklara (400 m çenli) ýaýradyp, janly organizmler (balyklar) üçin ýaşaýyş şertlerini döredýär. Deňiz tolkunlarynyň beýikligi 7-8, uzynlygy 100-150 m-e ýetýär, tizligi 12 m/sek çenli ösýär. Şol bir wagtda tolkunlar deňiz ulaglarynyň hereketine, desgalaryň dargamagyna, kenarýaka gurluşyklaryna zyýanly täsirini ýetirýär.

Hazaryń suwunyň duzlulygy çuňluk boýunça az-kem ulalýar, üstki tekizlikde 11-13, 400 m çuňlukda 13,2 g/l ýetýär. Himiki düzüminiň, takmynan, 42 göterimi hlordan, 25% natriden, 23% sulfatlardan, 6% magniden durýar.

Hazar deňziniň derejesi geçen asyrlaryň dowamynda ençeme gezek gaýtalanýan ýokarlanmany we aşaklanmany başdan geçiripdir. Onuň orta derejesi 1830-1929 ýyllarda -25,5 m-e deň bolupdyr. Soňky ýyllarda derýa suwlarynyň mukdarynyň peselmegi sebäpli, deñiz derejesi peselmegini dowam etdirýär.

Hazar deňziniň düýbüniň geologiki döwürlerde gaýtalanýan hadysalaryň, ýagny, düýbüniň çökmegi ýa-da ýokary göterilmegi, suw tekizliginiň meýdanynyň ulalmagy-kiçilmegi, suw bugaryş şertleriniň üýtgeşmeleri onuň deňiz derejesiniň üýtgemegine kesgitleýji täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda alymlar we hünärmenler deñiz derejesiniň peselmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleleriň çözgütleriniň üstünde işleýärler. Şol sanda gurşawy gorap saklamak, ekologiýa talaplaryny berjaý etmek ýaly wajyp meseleler yüze çykýar.

Hazar deňziniň türkmen böleginiň çäginde agzalan meseleleri döwrebap derejede çözmeklige uly üns berilýär we netijeli işler amala aşyrylýar.

Hazar deňziniň türkmen böleginiň hemmetaraplaýyn öwrenilmegine "Türkmen-nebit" döwlet konserniniň "Nebitgazylmytaslama" instituty degişli derejede öz goşandyny goşýar. Alymlar, taslamaçylar, hünärmenler onlarça ýyllaryň dowamynda geologiýa, nebitgaz gözleg, barlag işleriniň, gazuw guýularynyň, nebitgaz yataklaryny işläp geçmegiň, uglewodorod serişdelerini toplamak, taýýarlamak, geçirijiler arkaly akdyrmak ýaly, köpsanly dürli desgalaryň, ylmy taýdan esaslandyrylan, taslamalaryny ýerine ýetirip, olaryň önümçilikde ornaşdyrylmagyna yzygiderli gözegçilik edip gelýärler. Ylmy teklipler gurşawy goramak we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän şertleri döretmäge ýardam berýär.

Hazar deňiz suwunyň himiki düzümi, fiziki häsiýetleri we onun mineral çig mal serişdeleri (köp görnüşli gymmat bahaly tebigy duzlary) yzygiderli öwrenilýär. Nebitgaz ýataklarynyň gidrogeologiýa we gidrohimiýa laboratoriýasynda uly ähmiýetli maglumatlar gaznasy döredildi. Maglumatlar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda peýdalanylýar.

Orazmämmet NURMÄMMEDOW, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň direktorynyň w.w.ý.ý.

Aýtmämmet AKMÄMMEDOW, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň esasy ylmy işgäri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty

Çeşme: "Türkmenistanyň Nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnaly