Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde nebit önümleriniň çeper beýany
18.01.2025

Ata Watanymyz Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş-ykdysady taýdan uly üstünlikleri gazanýar. Milli ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biri bolan nebitgaz pudagy bu ösüşlerde möhüm orny eýeleýär.Ýurdumyzdaky il-ýurt bähbitli alnyp barylýan ösüş-özgertmeler nebitgaz ulgamy boýunça okgunly depgine eýe bolýar. Türmen nebitiniň taryhy, onuň ilkinji tapylyşy we ulanylyşy barada köpsanly ylmy işler, makalalar dürli döwürlerde ýazylyp, çap edildi. Nebitiň we ondan alynýan önümleriň biziň durmuşymyzdaky ähmiýeti örän uludyr. Biz gündelik durmuşymyzda harytlaryň ählisiniň düzümine gatnaşýan nebitiň gaýtadan işlenilen önümlerini işjeň we netijeli ulanýarys. Nebit önümleri gaýtadan işlenilende, onuň gymmatlygy has artyp, halk hojalyk harytlarynyň ugurdaş önümçiliginiň taýýarlanmagynda işjeň ulanylýar.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny bezeýän 10-dan gowrak şahyrana eserlerde tebigy uglewodorod serişdeleriniň bir düzümi hökmünde ýangyç görnüşinde dowamly ulanylýan ýagjymak suwuk mineral jisim bolan nebit önümleriniň hünärmentçilik leksikasyna degişli onlarça edebi, taryhy-jemgyýetçilik we durmuş gymmatlyklaryna degişli bolan baý beýany duş gelýär. Parasatly şahyr Magtymguly türkmen edebiýatyny mazmun taýdan baýlaşdyran, halkylygy, milliligi ösdürip durmuş bilen baglanyşdyran beýik söz ussady. Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyr bolup, onuň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi. Bu çeşme gözbaşyny Oguz han Türkmenden, Gorkut ata Türkmenden, Görogly beg Türkmenden alyp gaýdyp, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, ahlak we edep ýörelgelerinden, yşkdan we gözellikden ylham alýar. Şol yşkda we gözellikde nebit önümleriniň waspy, gymmaty hem öz beýanyny tapýar. Ussadyň «Ykbal bolmady» diýen şygrynda:

Magtymguly haýran, her ýana bakar,
Bu ne gudrat işdir: suwdan ot çykar...

— diýen parasatly setirlerini okamak bolýar. Dananyň hikmetli setirlerinde görkezilýän «suwdan ot çykar» atly söz düzümi deňziň dürli suwasty çuňluklarynyň aşagyndan tebigy çig uglewodorod serişdeleriniň düzüm bölekleriniň çykarylmagyny welilik we öňdengörüjilik bilen görkezýän çeper suratlandyrmanyň nusgalyk aňladylmasydyr.

Tebigatyň syrlaryna, jadyly keşplerine synçylyk gözýetiminiň, taýsyz zehiniň, döredijilikli ukyplaryň, ylhamly ymtylyşlaryň nazarlary bilen akyl ýetiren şahyryň lirikasynda «Guşy ol ýerden göterdi, Eltip kandylda olturtdy» diýen gymmatly setirler duş gelýär. Bu ýerde «kandyl» sözi geçmişde ulanylan köp şemli asma çyralaryň gaplaryndaky nebite batyrylan pelteleriň ýanmagy bilen ýagtylyk, ýylylyk berýän guraly aňladyp gelýär. Ussadyň lirikasynda duş gelýän «Ten panusyn kylmak üçin münewwer» diýen setirindäki panus sözi irki orta asyrlarda nebit önümleri bilen ýakylan yşyk beriji çyranyň bir görnüşinde çeper suratlandyrylypdyr. Dünýä poeziýasynyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň «Göçer sen» atly goşgusynda:

Ömrüň şugla ursa, ýürek ýagyňdyr,
Ýag tükener, peltäň ýanar, öçer sen!

— diýen setirler orun alypdyr. Many ýaýrawy hyjuwly, mazmun şiresi ýakymly hem giň stilistik goýazlygy doýgun, çeper pikirlenme gözelligi ähmiýetli bolan, söz zergäriniň akyl gazanynda gaýnan, ýaşaýyş tejribelerinde hakykatlary aýdyň açyp görkezýän şahyryň jadyly setirlerindäki «pelte» sözi asyl manysynda yşyk beriji çyra, şem ýaly serişdelerde, işilen, örülen, ini, uzynlygy, agramy dürli ölçegli, düýbi nebite batyrylyp, üç beýikliginden ýanyp başlaýan ýagtylyk beriji ýüpüň çeper aňladylmasydyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen, ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip, Magtymguly atamyzyň döredijiliginiň bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny beýan edýär. Onuň döredijiliginde ata Watany söýmek, däp-dessurlara we ynsana uly hormat goýmak, tebigat gözelliklerine aýawly çemeleşmek ýaly ynsanperwer pikirlerdir öwüt-ündewler uly orun eýeleýär. Dana Pyragynyň şygyrlarynyň birnäçesi gözel tebigatyň belent waspydyr. Ata Watana, ene topraga, dogduk Diýaryň baglaryna, daglaryna, tereň derýalaryna, ümmülmez çöllerine, ýaşyl ýaýlalaryna bolan belent hem-de gyzgyn söýgüsi onuň durmuşyň ähli ugurlary bilen baglanyşykly ýazan goşgylaryna siňipdir. Dana şahyryň «Bolmaz ýaranlar» atly şygrynyň ikinji bendinde «Dünýä bir derýadyr, adam hubapdyr, hubap suwda baky galmaz, ýaranlar» diýen hikmetli setirler duş gelýär. Bu akgynly, çeper allegorik meňzetmeli setirde «hubap» sözüniň asyl manysy nebit önümleri bilen ýanýan, ýagtylygyň, şöhläniň belli bir giňişliginde kadaly düşmegini üpjün edýän, uzak wagtlap ýanyp durýan çyralaryň, şemleriň dürli görnüşleriniň depesinde goýulýan, çüýşe gapda emele gelýän nemjagazlary, ownuk suwuk köpürjikleri aňladýar. Aryf şahyr bu pähimli jümlede ynsan ömrüniň gymmatyna, şöhratly ykbalyna, döredijilik abraýyna, hyjuwly ylhamyna, söýgi duýgularyna, uzak ýyllar dowam edýän işjeň ýaşaýşyna, ruhy we durmuş abadançylygyna hemişelik we dowamly ýaran bolýan kämil ahlak keşpleri, häsiýetleri gysga setirde köptaraply, filosofik jähetden täze çeperçilik belentliklere çykaryp görkezipdir.

Magtymguly Pyragynyň goşgularynda tebigat we onuň baýlyklarynyň çeper suratlandyrylmagy onuň döredijiliginiň durmuşylygyny, dünýewiligini ýokary derejä galdyrýar, onuň watan söýüjiligine ynsanperwerligine ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär. Magtymgulynyň goşgy setirlerinde beýan edýän pikirlerinde tebigata we baýlyklaryna bolan çäksiz söýgisi, mähri ýatyr. Ol öz şahyrana setirlerinde tebigaty we onuň baýlyklaryny guwanç, buýsanç bilen wasp edip, adamlarda olara bolan söýgi, rehimdarlyk duýgularyny oýarmaga çalyşypdyr. Magtymguly Pyragynyň eden arzuwlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşdy. Ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly gatnaşyk saklamak, onuň baýlyklaryny aýawly ulanyp, köpeltmäge kömek etmek bardaky asylly däplerine sarpa goýýan, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň gözel tebigatyny onuň daglaryny, topragyny, ösümlik, haýwanat dünýäsini, suw we beýleki baýlyklaryny ylmy taýdan öwrenmäge, gorap saklamaga we köpeltmäge uly üns berýär.

Çeşme: Tükrmenmetbugat



Şeýlede okaň


29.01.2025


27.01.2025

24.01.2025

24.01.2025

22.01.2025