Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny ylmy seljermeleriň esasynda açylyp görkezilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bu kitabyň many-mazmunyna Magtymgulyny öwreniş ylmynyň döreýşi we ösüşi, akyldaryň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmegiň hem-de öwretmegiň usullary, şahyrymyza bagyşlanan dürli işler,şeýle hem 2024-nji—«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurda ýurdumyzda hem-de halkara derejede amala aşyrylan işler hakdaky saýlama söhbetlerimi girizmegi makul hasap etdim»diýip belleýär. Hakykatdan hem,döwlet Baştutanymyzyň bu eseri beýik akyldaryň dünýäsini,adamzada goýup giden gymmatly edebi mirasyny öwrenmegiň we öwretmegiň nazaryýeti bolup çykyş edýär.
Pyragynyň eserleri indi ençeme onýyllyklar bäri ýygnalyp, seljerilip, dünýä dillerine terjime edilip, çap edilip, öz halkymyza we beýleki halklara ýetirilýär, öwrenilýär hem-de öwredilýär. Onuň durmuş ýoluny, döredijiligini, dünýä garaýşyny beýan edýän düýpli çeper we ylmy-filosofik eserler döredildi. Ýöne hormatly Prezidentimiziň kitabynda belleýşi ýaly: «Magtymguly Pyragy hakda köp zatlar aýdylan hem bolsa, ol hakda indi aýtmaly zatlaryň welin has köpdügini ykrar etmelidiris». Bu zerurlyk beýik akyldaryň öz döwründe öňe süren oý-pikirleriniň adamzadyň şu günki durmuşynda bar bolan we döreýän gaýra goýulmasyz meseleleri adamyň aňlamagy we olaryň çözgütlerini dünýä derejesinde tapmagyň gerekligi bilen bagly.Hormatly Prezidentimiziň täze eserinde Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan getiren: «Mizemez binalaryň peýmany ygtybary//Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ajaýyp setirlere ýüzleneliň! Onda, görşümiz ýaly, beýik akyldaryň öňe süren bilimleriniň, taglymatlarynyň adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy bilen bagly ýüze çykýan meseleleriň ölçeg daşy bolýandygy bellenen. Alym Arkadagymyzyň: «Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine» diýen çuň manyly garaýşyndan ugur alsak, onda Magtymguly şahyryň pähim-paýhasynyň miwesi bolan ýörelgeleriň we taglymatlaryň şugünki hakykaty aňlamaga esas bolýandygy barada ynamly aýtsa bolar. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynda hem bu hakykat tassyklanýar. Onda Pyragynyň eserleriniň älemiň ýaradylyş kyssalary, taryhy rowaýatlar, täsirli hekaýalar, pähim-paýhasly pikirler arkaly jümle-jahanyň hakykatyny, görünýän we görünmeýän barlyklary hem aýnada gören ýaly aýan edýändigi, onuň şygyrlarynda ylmyň ähli ugurlaryndan söz açylýandygy, adamzadyň ömür menzilleriniň teswirlenilýändigi bellenilýär. Beýik akyldaryň pähim-paýhas ummanynyň hut şu ugurlardaky ähmiýetli we gymmatly oý pikirlerini nesilden-nesle geçirmek maksady bilen, biziň halkymyz ony öwrenmegi we öwretmegi iň wajyp wezipe hökmünde öňe sürüp, Magtymguly Pyragy mekdebini döredipdir. XVIII asyrda kemala gelen şol mekdebiò türkmen we beýleki halklaryň edebiýatyna eden täsiri «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly eserde giňişleýin açylyp görkezilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Pyragydan soňraky şahyrlaryň ählisinde göze ilýän bir aýratynlyk bar: olaryň ählisiniňem ylhamdary Magtymguly. Türkmen edebiýatynyň taryhynda özünden soňky nesilleriň Magtymgulydan öwrenmedik, ony özüne ylham çeşmesi edinmedik, özüne ussat halypa tutunmadyk şahyr, megerem, ýokdur» diýip belleýär we bu mekdebiň öz gadymyýetden gaýdýan filosofik we edebi köklerine daýanyp, türkmeniň durmuş hakykatyna esaslanýan edebiýatyny esaslandyrandygyny, onda adamzadyň bitewüligi, bölünmezligi hakyndaky düşünjäniň dörändigini açyp görkezýär. Şonuň ýaly-da Magtymguly Pyragy mekdebinde beýik akyldaryň döredijiligini şu we beýleki ugurlarda öwrenmegiň nazary hem usuly ýörelgeleriniň işlenip düzülendigi-de beýan edilýär. Beýik akyldar milli şahyr hökmünde öňe çykanda, türkmeniň tire-taýpalaryny bir supranyň başynda jem etmek pikirini öňe sürende, bütin adamzady bitewülige öwürmek pikirine hem eýeren. Magtymguly türkmeniň milli şahyry hökmünde şol bitewülik duýgusyny kemala getirmäge öz pähim-paýhasy bilen itergi beren. Ol şonuň esasynda diňe bir türkmeniň däl, eýsem, tutuş adamzadyň beýik akyldary derejesine galýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz geçen döwürde beýik akyldaryň goşgularyny we golýazmalaryny toplamaga, seljermäge, öwrenmäge we halka ýetirmäge goşant goşan şahyrlarymyzyň, alymlarymyzyň hem-de daşary ýurtly alymlaryň ýerine ýetiren örän ähmiýetli işlerini, miras galdyran ylmy-edebi eserlerini, magtymguly şynaslarymyzyň bitiren we bitirýän işlerini hormatlap, olary birin-birin ýatlaýar. Magtymguly Pyragy mekdebiniň soňky asyrlarda-da edebiýatda nusgalyk görelde bolmagyny dowam edýändigini belleýär. Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragy mekdebiniň Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýatyna eden täsiri barada söz açyp, bu döwürde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, şeýle-de başga birnäçe halypa hem ýaş şahyrlarymyzyň şygryýetinde şol täsiriň duýulýandygyny we häzirki döwürde beýik akyldaryň edebi mirasyny dünýäde giňişleýin açyp görkezmäge gerek bolan täze esaslaryň dörändigini nygtaýar. Şol esaslar barada gürrüň açyp, hormatly Prezidentimiz alym Arkadagymyzyň öz ýazan romanlarynda, ylmy-filosofik eserlerinde islendik meselede Magtymgula salgylanýandygyny belleýär we: «Magtymgulynyň öwüt-ündewlerini, pent-nesihatlaryny, sargytlaryny özüniň durmuş uniwersitetine — iň beýik idealyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň pähim paýhasynda Magtymguly Pyragynyň şahsyýet merte besi berk ornaşypdyr» diýip nygtaýar. Paýtagtymyz Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýylly gy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmeginiň ýubileý çäreleriniň esasy wakasy bolandygyny döwlet Baştutanymyz öz eserinde belleýär. Şol forumyň soňky on-on bäş ýylyň dowamynda beýik akyldaryň pähim-paýhasyny açmakda we dünýä ýaýmakda edilen işleriň jemini jemländigini aýtsa bolar. Bu işler türkmeniň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň ynsaply ýaşaýyş baradaky ýörelgeleriniň adamlary we umuman, adamzady şu dünýäde öz geljegi hakynda oýlandyrýan, tolgundyrýan pähim-paýhas bolup çykyş edýändigini görkezdi. Şu ýerde beýik akyldaryň filosofiýasynyň baky dünýäni döredýän paýhas giňişligi bolýandygy baradaky pikiriň many-mazmunyny açmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň: «Megerem, Magtymgulynyň goşgulary ömrüň formulasy esasynda ýazylan bolmaly. Magtymgulynyň şygyrlary bilen älemiň gurluşynyň arasynda hem meňzeşlik bar» diýen sözlerini mysal getirmegi ýerlikli bildik. Dogrudan hem, Paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda dünýäniň köp döwletleriniň Baştutanlarynyň Magtymguly Pyragynyň wesýetlerini durmuşa geçirmäge öz goşantlaryny goşmaga taýýardyklary barada aýdan sözleri beýik akyldaryň edebi-filosofik mirasynyň adamzat ýaşaýşyny özgerdiji paýhasa eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz şol forumda eden çykyşynda: «Magtymguly Pyragynyň mirasy biziň üçin uly baýlykdyr. Akyldar şahyryň wesýetlerine wepaly bolmagy biz mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Onuň wesýetine eýermek bilen, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, berkarar döwletimizi mundan beýläk hem berkideris. Beýleki döwletler bilen dostdoganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňelderis. Biz parahatçylygyň we adamzadyň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine öz goşandymyzy goşmaga hemişe taýýardyrys» diýip, Magtymguly Pyragynyň parahatçylygy, agzybirligi ündeýän pähim-paýhasyna esaslanýan türkmen döwletiniň hoşniýetli daşary we içeri syýasatynyň dowam ediljekdigini belledi. Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly eserinde beýik akyldaryň edebi mirasynyň şu günki ähmiýeti, halkymyzyň şahyryň şygyrlaryna teşneligi, onuň paýhas ummanyny öwrenmegiň ýoluna düşüp, Magtymguly Pyragy mekdebini döredendigi, bu mekdepde şahyryň eserlerini öwrenmegiň we öwretmegiň ygtybarly usulyýet ýörelgeleriniň işlenip düzülendigi, milli şahyrymyzyň öňe süren ylmy-filosofik garaýyşlarynyň bu günki gün adamzadyň öňünde duran gaýragoýulmasyz meseleleri çözmäge ýol açýandygy durmuşy mysallaryň üsti bilen, ylmy esasda seljerilip beýan edilýär. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň beýik akyldaryň edebi mirasyny öwrenmegiň nazaryýet esasy bolýandygyny görkezýär.
Nurýagdy SUWHANOW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.
çeşme: "Türkmenistan gazeti"