XX asyryň başynda başlanan “Birinji jahan urşy”, Russiýada raýatlyk urşy, işleri doly derejede alyp gitmäge päsgelçilikleri döretdi.
1917-nji ýylyň oktýabryndaky rewolusiýadan soň, döwlet ýolbaşçylygy Sowetlara geçdi we hususy eýeçilik ýatyryldt,zawodlar,fabrikalar we ýere eýeçilik etmek döwlete tabşyryldy. 1918-nji ýylyň iýun aýynda Türküstan Sownarkomy Çeleken ýarym adasyndaky nebit promisillerini Döwlete geçirmek hakynda karar kabul etdi.
1922-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň nebit boýunça müdürligi döredildi we bu müdürlige türkmeniň nebit senagatyny ösdürmäge ähli çäreleri görmek tabşyryldy. Ähli geçirilen çärelerden garaşylýan netijäni alyp bolmady.
Çeleken, Nebitdag nebit känlerindäki nebit guýularyny dikeltmek we täze guýulary özleşdirmek diňe 1924-nji ýylda Türkmenistan SSR-i döredilen soň, uly göwrümde durmuşa geçirilip başlady. Bir ýyldan gowrak wagt geçenden soň, ýagny 1925-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň halk hojalygyny dikeltmekde we ösdürmekde ýokary netijeler gazanyldy. Şeýle ösüşleriň gazanylmagyna uly ýardam eden, 1925-nji ýylyň başynda Çelekende “Türkmennebit” tresti döredildi, 1925-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Sownarkomy tarapyndan onuň ustawy tassyklanyldy. Bu trestiň düzimine Çelekeniň nebit-ozokerit promysli, şeýle-de Türkmenistanda bolan 19 sany nebit ammary goşuldy. 1930-njy ýylda bolsa onuň düzümine Çelekeniň nebit promyseli we Nebitdagyň nebit-gözleg promyseli girizildi.
Nebit promysilleri dikeltmek döwründe beýleki ýetmezçilikler bilen bir hatarda, uly ýetmezçilik ýokary we orta bilimli işçi hünärmenleriň ýetmezçiligidi.
1924-nji ýylda Nebitdag nebit käninde 25 adam işleýärdi. Olaryň 3-4 sanysy abatlaýjy ýa-da tokordy. 1929-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistanyň nebit promysellerinde 193 işçi işläp, şolaryň 35 sanysy ýerli halkdandy.
1925-1927-nji ýyllarda Çeleken we Nebitdag nebit promysellerine we geolog-gözleg partiýasyna işe gelen ilkinji ýerli ýaşayjylar: Aman Kultäçew, Isa Hojaýew, Annasöýün Gulamsöýünow, Aşyr Mämmedow, Berdi Köçekow we beýlekiler bardy. Wagt geçmegi bilen A.Kultäçew we I. Hojaýew nebit promysellere ýolbaşçylyk etdiler.
Türkmenistan Respublikasynyň döredilen ýylyndan 1932-nji ýyl aralygynda Çeleken we Nebitdag känlerinde işler güýçli depginde alynyp baryldy. Bu işlere itergi beren rus akademigi N.M.Gubkin we onuň pikirdeşleriniň Günbatar Türkmenistanyň meýdanynda nebit ýataklarynyň uly goralarynyň bardygyny tassyklamalarydyr. Muňa şaýatlyk edýän, 1930-njy ýylyň 2-nji aprelinde Nebitdag nebit käninde gazylan №11 guýynyň fontan (çüwdürim) bilen işlemegidir. Şeýle-de № 19,№24 we №12 guýularyndan ýokary derejeli önüm alynmagy, bu nebit käniniň uly geljeginiň bardygyny tassyklady.
Uly depginde alnyp barylýan işlere ýerli halkdan: Hojamämmet Gultarow, Anna Guljanow, Gurban Şiri, Satlyk Ödäýew, Baýram Allaberdiýew, Gurbanýaz Çopanow we beýlekiler bardy.
Elbetde bu ýerde ilkiniji nebitçi, türkmen zenany Türkmenistanyň at gazanan nebitçisi “Oktýabr Rewolýusiýasy” ordenli Nursoltan Berdiýewany agzaman geçmek bolmaz. Açyk göwünli, ýokary adamkärçilikli Nursoltan daýza bilen işlemek maňa-da miýesser etdi. Onuň neberleriniň ählisi diýen ýaly onuň kärini dowam etdiler.
Nesibäm çekip, orta mekdebi tamamlanymdan soň, men Nebitdag nebit käniniň №1 nebit promyseline ýönekeý işçi kärine işe ýerleşdim.
Tomus, iýul aýy şäherden Wyşka (Uzboý) obasyna işçileri alyp gidýän işçi otlysy bilen gidildi. Demir ýol bekedinden bolsa, ýörite awtobuslar bilen iş ýerine barmaly. Obanyň çetinden Wyşkalaryň “tokaýy” başlaýardy. Ol wyşkalar nebit guýylarynda “ýer asty” we “Düýpli” abatlaýyş işleri geçirilende turbalary we beýleki enjamlary galdyryp-goýbermekde zerurdy. Wagtyň geçmegi bilen “Bakines-3M” kysymly, üsti maçtaly göteriji täze tehnikalar gelenden soň, ähli guýylaryň başynda otyrdylan wyşkalaryň zerurlygy bolmady.
Iş ýerime “Nebitdagnebit” nebitgaz çykaryjy müdirliginiň nebitpromyseliniň 3-nji bölümçesine gelip düşdüm. Ilki şol bölümçäniň ussasy Şamedow Mätçik aganyň ýanyna bardym. Tanyşlykdan soň, ol işgärleri ýygnap edilmeli işleri toparlara bölüp, meni hem bir topara goşdy. Işlemek üçin baran guýumyz, şol bölümçäniň №613 belgili guýusydy. Meniň ýoldaşlarym ýokara derejeli nebit çykaryjy operatorlar Döwlet Gulyýew we Uzmyrat Haljanowdy. Olar meniň bütin ömrüme, nirede bolsamda ilkinji halypalarym bolup galdylar.
Balkan Şyhyýew,
Balkanabat nebitçilik orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy.