Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
SÖZ SUN­GA­TY­NYŇ ZER­GÄ­RI
12.11.2024

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň dabaralary şu ýylyň başyndan bäri ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyny döretmegi we bu ajaýyp goşgy setiriniň ýylyň şygaryna öw­rül­me­gi 2024-nji ýyl­da akyl­dar Pyragyny has-da şöhratlandyrdy hem-de ussadyň adyny äleme ýaýdy. Ýylyň şygary Magtymguly baradaky çärelere giň gerim, mazmun, köptaraplaýynlyk berdi. Bu şygaryň many-mazmuny ildeşlerimiziň watançylyk ruhuny belende götermekden, ýaşlaryň mynasyp terbiýelenmegine ýardam etmekden, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakdan ybaratdyr. Beýik söz ussadyna bu günki gün dünýä guwanýar we oňa uly hormat goýýar. Türki medeniýetiň halkara gura­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) 2024-nji ýy­ly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, onuň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň 2024-2025-nji ýyl­lar­da ÝU­NES­KO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna goşulmagy türkmeniň meşhur nusgawy şahyrynyň gymmatly mirasynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň anyk mysallarydyr. Halkynyň parahat durmuşda ýaşamagyny arzuw eden dana Pyragy nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şygyrlaryny miras galdyrypdyr. Onuň goşgularynda beýan edilýän we watansöýüjilige, ynsanperwerlige, parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrýan çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şu ýylyň başyndan bäri Türkiýede, Azerbaýjanda, Ukrainada, Özbegistanda, Gyrgyz Respublikasynda, Koreýa Respublikasynda, Gruziýada, Russiýa Federasiýasynda, Ermenistanda, Rumyniýada, Gazagystanda, Eýran Yslam Respublikasynda, Ýaponiýada, Awstriýada, Fransiýada, Birleşen Arap Emirliklerinde, Beýik Britaniýada, Täjigistanda we beýleki döwletlerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna, beýik akyldaryň ýubileý senesine bagyşlanan halkara ylmy maslahatlary, ýokary okuw mekdeplerinde umumy sapaklar, mowzuklaýyn duşuşyklar, brifingler, «tegelek stol» maslahatlary, kino görkezilişleri, sergiler, konsertler geçirildi. Dünýä jemgyýetçiliginde söz ussadynyň sarpasy barha belende galýar. Onuň ýadygärlikleri şäherlerde, obalarda oturdylýar, ylym-bilim edaralaryna ady dakylýar. Elbetde, bu bizi buýsandyrýar hem begendirýär. Munuň özi Pyragynyň sarpasyny tutmak bilen birlikde, türkmen halkyna hem goýulýan hormatdyr, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ykrar edilmesidir we dabaralanmasydyr. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyl­lyk ýu­bi­leý to­ýy my­na­sy­bet­li «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bolsa şanly ýylymyzyň taryhynda iň möhüm wakalaryň biridir. Döwüşlerni gördüň agyr kysmatyň, Zergärdiň sen il-günüňe nusgadyň, Berkarar döwletiň gurmak islediň, Arzuw edip gitdiň dana Pyragy, Arzuwlaryň hasyl boldy Pyragy. Hawa, bu gün ajaýyp durmuşyna buýsanýan türkmen halky Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýar. Onuň dilleriň senasyna öwrülen şygyrlaryny öwüt-ündew, terbiýeçilik mekdebi hökmünde peýdalanýar.

Aýterek ANNAMYRADOWA, TNGIZT-niň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň maşinisti.

çeşme: "Nebit-gaz gazeti"