“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik (tender) esasynda kesgitleýän toparyň adyndan “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy üçin Omurjak we Günorta Erdekli ýataklarynyň gurluşyny öwrenmek üçin Uzynada we Erdekli meýdançalarynda МОГТ-3D seýsmiki gözleg işlerini, Barsagelmez, Uzynada we Erdekli ýataklarynyň aralygyndaky meýdançalarda МОГТ-2D seýsmiki gözleg işlerini, şol sanda Erdekli we günbatar Erdekli (deňizde) ýataklarynyň aralagyndaky guryýer meýdançada МОГТ-2D seýsmiki gözleg işlerini geçirmek boýunça №07/23 belgili halkara tender yglan edýär (tender bölünmeýän).
Tendere gatnaşmak üçin:
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda habar berilýär.
Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, “Türkmengeologiýa” DK-nyň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Ähli zerur maglumatlary we lotlaryň häsiýetnamasyny ýükläp almak üçin internet saýtlary: http://www.tmgeology.gov.tm/ we/ýa-da http://www.oilgas.gov.tm/
Bäsleşik teklipleri Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56 salgy boýunça “Türkmengeologiýa” DK edarasyna tabşyrylmaly.
Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 18-nji noýabryndan 2024-nji ýylyň 02-nji ýanwaryna ýerli wagt bilen 12:00 çenli kabul edilýär.
Elektron salgylary:
turkmengeology@online.tm we marketing@tmgeology.gov.tm
Habarlaşmak üçin telefonlar:
40-34-52, 40-34-54, 40-39-05.
Faks:
40-34-53.