Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   21.11.2023
Gutarýar:   03.01.2024
Goýuldy:   21.11.2023

№ 08/23: “Türkmengeologiýa” DK halkara tender yglan edýär

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik (tender) esasynda kesgitleýän toparyň adyndan “Türkmengeologiýa” DK zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № 08/23 belgili halkara tender yglan edýär.

Lot №5 – Himiýa önümleri we kömekçi materiallar.

Tendere gatnaşmak üçin “Türkmengeologiýa” DK edarasyna:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we alyp barýan işleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin 500 amerikan dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda beriler. 

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, “Türkmengeologiýa” DK-iň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň elektron görnüşleri (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Zerur maglumatlary we lotuň häsiýetnamasyny http://www.tmgeology.gov.tm/  we/ýa-da  http://www.oilgas.gov.tm/  internet saýtlaryndan ýükläp bilersiňiz.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 21-inden 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 03-ine ýerli wagt bilen 12:00 çenli Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, “Türkmengeologiýa” DK salgysy boýunça kabul edilýär.

Elektron salgysy:

tdk@tmgeology.gov.tm ýa-da marketing@tmgeology.gov.tm

Habarlaşmak üçin telefonlar:

40-34-54, 40-34-52, 40-34-79, 40-34-60

Faks:

40-34-53