Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   13.10.2023
Gutarýar:   23.11.2023
Goýuldy:   16.10.2023

№ 95/1: “Türkmennebit” DK gaýtadan halkara açyk belgili tenderi yglan edýär

«Türkmennebit» DK geologik kesimi öwrenmek bilen Akpatlawuk ýatagynda parametriki guýyny dolulygyna gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

«Türkmennebit» döwlet konserni tender toparynyň adyndan şu aşakdaky Loty satyn almak boýunça 95/1 belgili halkara açyk bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Lot - «Geologiki kesimi öwrenmek bilen Akpatlawuk ýatagynda parametriki guýyny dolulygyna gurmak» boýunça;

Bäsleşige gatnaşmak üçin şu salga ýüz tutmaly: Türkmenistan, Aşgabat, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, «Türkmennebit» döwlet konserni.

Bäsleşige gatnaşjaklar:

- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (bellige alnan ýa-da offşor zolaklarynda bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär);

- «Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri» we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

- Lotyň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

- Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 1725 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly;

- Ýokarda agzalan bäsleşige gyzyklanma bildirýän ähli ähtimal üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildirişiň «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär;

Bellenilen möhletden gijä galan tekliplere seredilmez;

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär;

Bildiriş çap edilen pursadyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Maglumat üçin telefon belgileri:

40-39-39 (arzany tabşyrmak üçin faks); 40-39-93, 40-39-90, 40-31-12, 40-39-77, 40-39-60 (tehniki soraglar üçin).

Elektron salgysy:
fer@turkmennebit.gov.tm