Hormatly jenaplar!
«Türkmennebit» döwlet konserni Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin harytlary, işleri we hyzmatlary üpjün edijileri (potratçylary) saýlap almak boýunça bäsleşik (tender) toparynyň adyndan №208 halkara açyk tender boýunça tender tekliplerini kabul etmegiň möhletiniň 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabryna çenli uzaldylandygyny habar berýär.
«Türkmennebit»Döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky NGIZT-da ýol we gurluşyk bitumlarynyň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak üçin”
Halkara tenderine diňe degişli ugurda azyndan 10 (ýyl) iş tejribesi bolan önüm öndürijiler we/ýa-da lisenziýa eýeleri (tender resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelen şertinde) gatnaşyp bilýär.
Size Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil ş., 56-njy jaýy, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça şular teklip edilýär:
· tendere gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerni görkezmek bilen, tendere gatnaşmak islegi barada arzany ibermek (offşor zolaklarynda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär);
· “Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyşmak, “Tenderi geçirmegiň düzgünlerinden” göçürme hem-de tendere gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalary bermek;.
· Lotyň tabşyrygyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
· ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde (GSB bilen) serişdeleri ýa-da şoňa deň bolan manat serişdelerini tölemek üçin hasap almak, bir Lot üçin tendere muzdsuz gatnaşmak üçin;
Tender boýunça teklipler “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde şu tender hakynda bildirişiň resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) günüň dowamynda 30-njy iş güni sagat 12.00-dan (ýerli wagt boýunça) gijä galman kabul edilýär.
Ýokarda görkezilen möhletden giç gelen tekliplere seredilmeýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin niýetlenen hasap arza berlende görkeziler. Doly tender teklipli, möhür bilen tassyklanan bukja bildiriş çap edilen pursatyndan ýokarda görkezilen salgy boýunça berilmeli hem-de pul serişdeleri hasaba gowşandan soň seretmek üçin kabul edilýär. Tender bukjasyna hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşini (“Word” formatda) hem-de tehniki-ykdysady spesifikasiýany (“Excel” formatda) salmaly.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-39-24, 40-39-90; (hatlary ibermek üçin faks 40-39-93, 40-37-85; 40- 35-68 (tehniki sowallar üçin).
fer@turkmennebit.gov.tm (el.salgy).