GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Başlaýar:   16.05.2026
Gutarýar:   02.07.2026
Goýuldy:   22.05.2026

№-164/1 “Türkmennebit” DK halkara açyk tenderi gaýtadan yglan edýär: 16.05.2026 - 02.07.2026

Hormatly jenaplar!

 

«Türkmennebit» DK tender komissiýasynyň adyndan «Türkmennebit» DK-nyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №-164/1 halkara açyk tenderi täzeden yglan edýär. Tendere gatnaşmaga diňe harydy öndüriji bolup durýan gatnaşyjylar (tender resminamalarynda bellenen talaplara laýyk gelen ýagdaýynda) goýberilýär.

 

Lot № 2 – «Umumy zawod, tehnologik we buraw enjamlary».

 

Size aşakdaky salgy arkaly ýüz tutmak teklip edilýär: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK:

– Tendere gatnaşmak islegiňiz barada, gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmek bilen, ýazmaça arza tabşyrmak (offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arza kabul edilmeýär);

– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň amala aşyrylmagy boýunça tenderler hakyndaky” Kanuny, “Tenderi geçirmek düzgülerinden” göçürme we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– Lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– Tendere gatnaşmak üçin lota 575 ABŞ dollary möçberinde (salgyt bilen) ýa-da manatda ekwiwalent görnüşinde töleg geçirmek üçin hasap-fakturany almak.

Ýokarda görkezilen tendere ähli gyzyklanýan üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Gerekli maglumatlary şu elektron salgylardan göçürip alyp bilersiňiz:

http://www.turkmennebit.gov.tm , http://www.oilgas.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.

Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bu tenderiň bildirişi resmi taýdan çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen sagat 12:00-a çenli kabul edilýär.

Görkezilen möhletden soň gelip gowşan teklipler seretmäge kabul edilmez.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap maglumatlary ýazmaça arza bilen ýüzleneniňizde berler.

Bir sany möhür bilen tassyk edilen, doly tender teklibi bolan bukja, bildiriş çap edilen gününden başlap, ýokarda görkezilen salga tabşyrylmaly we serişdeler hasaba gelip gowuşanyndan soň seretmäge kabul ediler. Bukjada hökmany suratda ankanyň elektron görnüşi (Word formatynda), şertnamanyň esasy şertleri we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (Excel formatynda) bolmaly.

 

Maglumat üçin telefon belgileri:

40-39-24 (arzalary tabşyrmak üçin faks);

40-39-93, 40-39-90, 40-31-67, 40-31-82, 40-31-81 (tehniki soraglar üçin);

fer@turkmennebit.gov.tm (elektron poçta)