Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Başlaýar:   30.07.2025
Gutarýar:   10.10.2025
Goýuldy:   30.07.2025

№176 “Türkmennebit” döwlet konserni açyk tender yglan edýär

“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparynyň adyndan öndürijileriň we öndürijileriň ýeke-täk distribýutorlary bolan gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda aşakdaky lot boýunça açyk tender yglan edýär:

Lot №6 – Ýangyn howpsuzlyk enjamlary

Size teklip edilýär: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK-niň edara binasynda:

– tendere gatnaşmak islegiňiz baradaky arzany (offşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär) gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank rekwizitlerini görkezmek bilen tabşyrmak;

– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmek, işler ýerine ýetirmek, hyzmatlar etmek boýunça tenderler hakyndaky” Kanuny, “Tender geçirmegiň Düzgünleriniň” göçürmesini we tendere gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny almak;

– lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– 575 ABŞ dollary (salgyt töle bilen bile) möçberinde serişdeleriň tölegini geçirmek üçin ýa-da lot üçin tendere gatnaşmak üçin şol möçberdäki manat görnüşinde tölegi muzdsuz geçirmeklige hasaby almak.

Bu tendere gatnaşmaga isleg bildirýän ähli üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Zerur bolan ähli maglumatlary şu elektron salgylardan alyp bolýar: www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgydan.

Tender teklipleri Нейтральный Туркменистан” gazetinde resmi neşir edilen gününden başlap 30 (otuz) iş güniň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär.

Bellenilen möhletden soň gelen tekliplere seredilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza bilen ýüz tutulanda berler.

Tender teklipleri doly doldurylan, möhür bilen tassyklanan we bir sany ýapyk konwertde ýokarda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmalydyr. Konwerte hökmany suratda elektron görnüşdäki anketany, şertnamanyň esasy şertlerini (“Word” formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýany (“Excel” formatynda) goşmaly.

Maglumat üçin telefon belgileri: 40-39-24 (arzalar üçin faks); 40-39-93, 40-31-91, 40-39-84 (tehniki soraglar üçin).

Elektron poçta: fer@turkmennebit.gov.tm