Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Başlaýar:   21.06.2025
Gutarýar:   01.08.2025
Goýuldy:   21.06.2025

№175 “Türkmennebit” Döwlet konserni halkara tender yglan edýär

“Türkmennebit” Döwlet konserni Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna harytlary, işleri we hyzmatlary satyn almak boýunça bäsleşik (tender) toparynyň adyndan №175 belgili halkara tender yglan edýär.

Öndürijileriň we olaryň resmi distribýutorlarynyň gatnaşmagynda:

Lot № 3 – Elektrotehniki, geofiziki, gözegçilik-ölçeg enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri we gurluşyk materiallary

Aşakdaky salgydaky biziň edaranymyzda – Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” Döwlet konserni

Size:

– tendere gatnaşmak islegiňiz barada ýazmaça arza bermek (offşor zolagynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär), arzada gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek;

– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary hödürlemek boýunça tenderler hakynda» Kanuny, «Tender geçirmegiň Düzgünleriniň» gysgaça görnüşi we tendere gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– tendere gatnaşmak üçin bir lot boýunça 1725 ABŞ dollary (GDS bilen bilelikde) ýa-da oňa deň bolan manat möçberinde serişdeleri tölemek üçin hasaby almak teklip edilýär.

Ýokarda agzalan tendere diňe öndürijiler we olaryň resmi distribýutorlary gatnaşyp bilerler.

Lotuň spesifikasiýasy ýa-da tehniki tabşyrygy bilen şu internet sahypalary arkaly tanyşyp bolýar: www.oilgas.gov.tm, turkmennebit.gov.tm.

Tender teklipleri “Нейтральный Туркменистан” gazetinde tender bildirişiniň resmi neşir edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, emma gijä galanyňda ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli 30-njy iş güni gowşurylmaly.

Belleýän möhletden giç gowşurylan tekliplere garalmaýar.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza berilenden soň beriler.

Bir sany möhür bilen tassyklanan we ýapyk bukjada tender teklibi ýokarda görkezilen salga gowşurylmaly. Bukjanyň içinde hökmany suratda elektron görnüşde doldurylan anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň (“Word” görnüşinde) we tehniki-ykdysady spesifikasiýanyň (“Excel” görnüşinde) nusgalary bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar:
40-39-24, 40-39-90 (arzalary kabul etmek üçin faks),
40-39-93, 40-35-11, 40-35-60, 40-35-58 (tehniki meseleler boýunça)
E-mail: fer@turkmennebit.gov.tm