“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik (tender) esasynda kesgitleýän toparyň adyndan Akpatlawuk ýatagyndaky No.1 gözleg guýusynda buraw işlerini dowam etdirmek, geologiki kesimini öwrenmek, guýyny berkitmek we özleşdirmek üçin onuň barlagyny geçirmek boýunça №03/23 belgili halkara tender yglan edýär (tender bölünmeýän)
Tendere gatnaşmak üçin “Türkmengeologiýa” DK edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen, degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, “Türkmengeologiýa” DK-iň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.
Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Bäsleşik teklipleri şu bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen 12:00 çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
Faks: +993 12 40-34-53.
Elektron salgysy: turkmengeology@online.tm
Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56