Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Başlaýar:   28.03.2025
Gutarýar:   08.05.2025
Goýuldy:   28.03.2025

№ 02/DG «Türkmennebit» döwlet konserni halkara tender yglan edýär

«Türkmennebit» Döwlet konserni, Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň önümleri, işleri we hyzmatlary boýunça üpjün edijileri (podratçylary) bäsleşik (tender) arkaly saýlap almak boýunça komissiýasynyň adyndan, № 02/DG belgili halkara tender yglan edýär. Tender, «Keýmir» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň Hazar deňziniň türkmen bölegindäki Okarem şäherçesinde ýerleşýän nebit guýujy deňiz pyýasyny taslamak we «açarsyz» usulda gurmak, şeýle hem bar bolan pyýasyny gazyjylamak we sökmek işlerini öz içine alýar.

Siz aşakdaky salgya ýüz tutup, degişli resminamalary tabşyryp bilersiňiz: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 56, 11-nji gat, «Türkmennebit» Döwlet konserni:

— Tenderde gatnaşmak isleýändigiňiz barada arza tabşyrmak (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan dalaşgärlerden arza kabul edilmeýär). Arzada dalaşgäriň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we bank maglumatlary görkezilmelidir;

—Türkmenistanyň «Döwlet islegleri üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda» Kanuny, «Tender geçiriş tertibiniň» degişli bölümi we tenderde gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

—Tehniki tabşyrygy, tehniki talaplary we şertnamaň esasy şertlerini almak;

— Tenderde gatnaşmak üçin 1725 ABŞ dollary möçberinde (salgyt bilen) ýa-da şoňa ekwiwalent manat möçberinde töleg geçirmek üçin hasap belgini almak.

Bu tenderde gyzyklanma bildirýän ähli potensial potratçylar gatnaşyp bilerler. Tehniki tabşyryk bilen www.oilgas.gov.tm we http://turkmennebit.gov.tm internet sahypalaryndan hem tanyşyp bilersiňiz.

Tender teklipleri gazetiň resmi habarynyň çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýöne iň soňky möhleti 30-njy iş gününiň ýerli wagt bilen 16:00-a çenli kabul edilýär. Görkezilen seneden giç gowşurylan teklipler kabul edilmeýär.

Töleg geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda berler.

Tender teklipleri bir sany möhürlenen bukjada tabşyrylmalydyr. Bukjada hökmany suratda Word formatda şertnamanyň esasy şertleri we anketanyň elektron görnüşi, şeýle hem Excel formatda tehniki-ykdysady spesifikasiýa bolmalydyr. Bukjalar diňe töleg geçirilenden soň kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin:
40-39-24, 40-35-55 (arzalary tabşyrmak üçin faks)
40-35-53, 40-35-55, 40-35-12 (tehniki soraglar üçin)
fer@turkmennebit.gov.tm