Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Başlaýar:   25.03.2025
Gutarýar:   05.05.2025
Goýuldy:   25.03.2025

№ 118/2 «Türkmennebit» Döwlet konserni halkara açyk tenderi gaýtadan yglan edýär

Aşakdaky lot boýunça satyn almak üçin: № 4 – Awtoulag, traktor, ýöriteleşdirilen tehnikalar, komplektleşdiriji we ätiýaçlyk şaýlary

Aşakdaky salga ýüz tutmagyňyzy teklip edýäris: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, «Türkmennebit» DK:

– Tendere gatnaşmak isleýänligiňiz barada ýüz tutma tabşyrmak (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan gatnaşyjylardan ýüz tutmalar kabul edilmeýär), gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we maglumatlaryny görkezmek bilen;

– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça tenderler hakynda» Kanuny, «Tender geçirmek düzgünlerinden» göçürme we tendere gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– Lot spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– Tendere gatnaşmak üçin 575 ABŞ dollary (NDH bilen) ýa-da şoňa ekwiwalent manat möçberinde töleg tölemek üçin hasap-faktura almak.

Bu tendere gyzyklanýan ähli üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Gerekli maglumatlary aşakdaky elektron salgylardan alyp bilersiňiz: http://www.turkmennebit.gov.tm , http://www.oilgas.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgydan.

Tender teklipleri «Neutral Türkmenistan» gazetinde resmi çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne ýerli wagt bilen 16:00-dan gijä galman, 30-njy iş gününe çenli tabşyrylmalydyr.

Görkezilen möhletden soň gelip gowşan teklipler kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça ýüz tutma berilende görkeziler.

Doly tender teklibi ýerleşdirilen we mastika möhüri bilen berkidilen bir bukja tender habarnamasy çap edilenden soň görkezilen salga gowşurylmalydyr. Bukjanyň içine hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri («Word» formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa («Excel» formatynda) salynmalydyr.

Maglumat üçin telefonlar: 40-39-39 (arzalary tabşyrmak üçin faks); 40-39-90, 40-39-93, 40-31-06, 40-39-83 (tehniki soraglar üçin); fer@turkmennebit.gov.tm (elektron poçta).