Aşakdaky lot boýunça satyn almalar üçin:
№ 2 – Umumzawod, tehnologiki we buraw ussatlyklary.
Size şu salgy boýunça ýüz tutmak teklip edilýär: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat,“Türkmennebit” döwlet konserni:
– tendere gatnaşmak islegini bildiren arza (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplaryny açan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär) gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we resminamalaryny görkezip ýollamak;
– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlaryň üpjün edilmegi, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň berilmegi baradaky tenderler hakynda” Kanuny, “Tender geçirmegiň düzgünlerinden” çykyndy we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;
– lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
– her lot üçin tendere gatnaşmak üçin 575 ABŞ dollary (NDH-i goşmak bilen) ýa-da manatda ekwiwalent mukdarda pul serişdelerini tölemek üçin hasaby almak (töleg bada-bat esasynda).
Görkezilen tendere ähli gyzyklanýan işjeň üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.
Ähli zerur maglumatlary şu elektron adreslerden ýükläp alyp bolýar: http://www.turkmennebit.gov.tm, http://www.oilgas.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bolýar.
Tender teklipleri, bu tender barada bildiriş “Нейтральный Туркменистан” gazetinde resmi çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş güniniň dowamynda kabul edilýär, ýöne ýerli wagt bilen 30-njy iş güni 16:00-dan giç bolmazlygy şert.
Belgilenen möhletden giç gelen teklipler seredilmäge kabul edilmeýär.
Pul serişdeleriniň geçirilmegi üçin hasap ýazmaça arza berlen wagty görkeziler.
Doly tender teklibi bilen bir ýapyk konwert, mastika möhri bilen tassyk edilen, bildiriş ýaýradylan pursatdan başlap ýokarda görkezilen salga eltilmeli we pul serişdeleri hasaba geçeninden soň seredilmäge kabul ediler. Tender konwertine hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (“Word” formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (“Excel” formatynda) salynmaly.
Soraglar üçin telefonlar: 40-39-24 (arzalar üçin faks); 40-39-93, 40-39-90, 40-31-97, 40-31-17, 40-31-82 (tehniki meseleler boýunça).
Elektron adres: fer@turkmennebit.gov.tm