Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Başlaýar:   27.02.2025
Gutarýar:   09.04.2025
Goýuldy:   27.02.2025

№ 172 "Türkmennebit" Döwlet konserni halkara açyk tender yglan edýär

Aşakdaky lot boýunça satyn alyş üçin: Lot № 1 – Turbalar we metal önümleri

Gyzyklanýan taraplar aşakdaky salga ýüz tutup bilerler:
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, DK «Türkmennebit»:

– bäsleşige gatnaşmak isleýändigi barada (offşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär) dalaşgäriň doly adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmek bilen, ýüz tutmak;

– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda» Kanuny, «Tender geçirmek düzgünlerinden» göçürme we tenderde gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we esasy şertnamanyň şertlerini almak;

– lotda gatnaşmak üçin tölegsiz esasda 575 ABŞ dollary (NDK bilen) ýa-da şoňa ekwiwalent manat möçberinde töleg hasabyny almak.

Ýokarda görkezilen tendere ähli gyzyklanýan potensial üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Gerekli ähli maglumatlary aşakdaky elektron salgylardan göçürip almak mümkindir:
http://www.turkmennebit.gov.tm, http://www.oilgas.gov.tm
ýa-da ýokarda görkezilen salgydan almak.

Tender teklipleri "Bitarap Türkmenistan" gazetinde bu tender baradaky resmi bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne 30-njy iş gününiň ýerli wagt bilen 16:00-dan gijä galmazdan tabşyrylmalydyr.

Görkezilen möhletden gijä galyp tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär.

Töleg geçirmek üçin hasap rekvizitleri ýazmaça arza tabşyrylanda berler.

Doly tender teklibi ýerleşdirilen bir möhürlenen konwert, mastyka möhüri bilen tassyklanylan ýagdaýda, bildirişiň çap edilen gününden başlap ýokarda görkezilen salga tabşyrylmaly we serişdeler hasaba geçirilenden soň garalmaga kabul ediler.
Tender konwertine hökmany suratda anketa, şertnamanyň esasy şertleri ("Word" formatda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýasy ("Excel" formatda) elektron görnüşde goşulmaly.

Maglumat almak üçin telefonlar:
Arza tabşyrmak üçin faks: 40-39-24
Tehniki meseleler boýunça: 40-39-93, 40-39-90, 40-35-55, 40-35-53, 40-35-12
Elektron poçta: fer@turkmennebit.gov.tm