Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Başlaýar:   26.02.2025
Gutarýar:   08.04.2025
Goýuldy:   26.02.2025

№ 171 «Türkmennebit» döwlet konserni halkara açyk tender yglan edýär

Aşakdaky lot boýunça satyn alyş geçiriler:
№ 5 – Himiki önümler we kömekçi materiallar

Aşakdaky salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz:
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, «Türkmennebit» DK

– Tendere gatnaşmak isleýändigi barada (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan dalaşgärleriň arzalary kabul edilmeýär) gatnaşýan tarapyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmek bilen arzany tabşyrmalydyr;

– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça tenderler hakynda» Kanuny, «Tender geçirmegiň düzgünlerinden» göçürme we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmalydyr;

– Lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we esasy şertnamanyň şertlerini almaly;

– Tendere gatnaşmak üçin 575 ABŞ dollary möçberinde (NDH bilen) ýa-da onuň manat ekwiwalenti möçberinde töleg geçirilmeli. Töleg yzyna gaýtarylmaýar.

Bu tendere gyzyklanma bildirýän ähli potensial üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Gerekli maglumatlary aşakdaky elektron salgylardan ýükläp bilersiňiz:
www.turkmennebit.gov.tm
www.oilgas.gov.tm
ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz.

Tender tekliplerini tabşyrmak möhleti:
Tender teklipleri resmi bildiriş «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýöne iň giç 30-njy iş gününiň ýerli wagt bilen 16:00-a çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär.

Töleg üçin bank hasaby barada maglumatlar ýazmaça arza tabşyrylanda berler.

Möhür bilen tassyklanan tender teklibi saklanýan bir möhürlenen konwert ýokarda görkezilen salgy boýunça gowşurylmalydyr. Teklip diňe töleg hasaba geçirilenden soň serediler.

Konwerte hökmany suratda goşulmaly:

  •  Elektron görnüşde anketanyň nusgasy,
  • Şertnamanyň esasy şertleri («Word» görnüşinde),
  • Tehniki-ykdysady spesifikasiýa («Excel» görnüşinde).

Habarlaşmak üçin:
Arzalary tabşyrmak üçin faks: 40-39-24
Tehniki soraglar üçin telefonlar: 40-39-93, 40-39-90, 40-31-67, 40-31-82, 40-31-80, 40-31-81
Elektron poçta: fer@turkmennebit.gov.tm