Lot № 4 – Awtoulag, traktor, ýöriteleşdirilen tehnika, komplektleşdiriji we ätiýaçlyk şaýlary
Aşakdaky salga ýüz tutup bilersiňiz: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni:
– Tendere gatnaşmak üçin (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan gatnaşyjylaryň ýüz tutmalary kabul edilmeýär) – gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank hasaplaryny görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmak;
– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakyndaky» Kanuny, «Tender geçirmek düzgünlerinden» göçürme we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalar bilen tanyşmak;
– Lot spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we esasy şertnamanyň şertlerini almak;
– Tendere bökdençsiz gatnaşmak üçin lot üçin 575 ABŞ dollary (NDH bilen) ýa-da şoňa ekwiwalent manat möçberinde töleg hasabyny almak.
Bu tendere gyzyklanýan ähli üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.
Spesifikasiýa ýa-da tehniki şertler bilen tanyşmak üçin aşakdaky internet sahypalaryna girip bilersiňiz:
http://www.oilgas.gov.tm
http://www.turkmennebit.gov.tm
Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан» gazetinde resmi çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne ýerli wagt bilen 16:00-dan giç bolmaly däldir.
Bellenilen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda berler.
Tender teklibi doly doldurylan we möhür bilen berkidilen ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr. Bukja, hödürlenen resminamalaryň gowşurylmagyndan soň, tender hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň kabul ediler.
Tender bukjasyna hökmany suratda elektron görnüşde:
Anketa, şertnamanyň esasy şertleri («Word» formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa («Excel» formatynda) goşulmalydyr.
Maglumat üçin telefon belgileri:
40-39-90 (arza tabşyrmak üçin faks)
40-39-93, 40-31-06 (tehniki soraglar üçin)
E-poçta: fer@turkmennebit.gov.tm