№ 4 – Awtoulag, traktor, ýöriteleşdirilen tehnika, enjamlar we ätiýaçlyk şaýlary
Size aşakdaky salgy boýunça ýüz tutmak teklip edilýär:
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, «Türkmennebit» döwlet konserni
Aşakdaky işleri ýerine ýetirip bilersiňiz:
– Tendere gatnaşmak üçin arzany tabşyrmak
(ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär). Arzada doly adyňyz, hukuk ýagdaýyňyz, hasaba alnan ýurdyňyz we degişli hasaplary görkezilmelidir.
– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň edilmegi boýunça tenderler hakynda» Kanuny, «Tenderiň geçirilmeginiň düzgünleriniň» mazmuny hem-de zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak.
– Lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak.
– Tendere gatnaşmak üçin lot boýunça 575 ABŞ dollary (NDH bilen) ýa-da onuň manat ekwiwalentinde töleg hasabynyň maglumatlaryny almak.
Görnüşi beýan edilen tenderde gyzyklanma bildirýän ähli mümkinçilikli üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.
Gerekli maglumatlary aşakdaky elektron salgylar arkaly ýükläp alyp ýa-da görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz:
www.turkmennebit.gov.tm
www.oilgas.gov.tm
Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан» gazetinde resmi habar çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, iň giç 16:00-a çenli (ýerli wagt bilen) kabul edilýär.
Bellik: Ýokarda görkezilen möhletden soň gowşan teklipler seredilmez.
Töleg hasaby diňe ýazmaça tender arzasy tabşyrylanda beriler.
Tender teklibi möhür bilen berkidilen bir sany bukjada tabşyrylmaly. Teklipi tabşyrmak üçin resmi habar çap edilen pursatdan başlap görkezilen salgy boýunça gowşurmaly hem-de hasaba alnan töleg gelip gowuşandan soň serediler.
Bukjanyň içine hökman şu resminamalar salynmalydyr:
Anketanyň elektron görnüşi
Şertnamanyň esasy şertleri («Word» formatda)
Tehniki-ykdysady spesifikasiýa («Excel» formatda)
Maglumat üçin telefonlar:
40-39-39 (arzalary tabşyrmak üçin faks)
40-39-90, 40-39-93, 40-31-06, 40-39-83 (tehniki meseleler boýunça)
fer@turkmennebit.gov.tm (elektron poçta)