Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Başlaýar:   04.02.2025
Gutarýar:   07.03.2025
Goýuldy:   07.02.2025

№ 01/DG «Türkmennebit» Döwlet konserni açyk tender boýunça teklipleri tabşyrmagyň möhletini uzaldýar

«Türkmennebit» Döwlet konserni Sеýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň Suw üpjünçiligi we lagym hojalygy sehynyň suw alýan desgalarynyň «0»-njy basgançagynyň taslamasyny düzmek we «açar taýýar» görnüşinde gurmak boýunça tender tekliplerini tabşyrmagyň möhletini 07.03.2025 senesine çenli uzaldýar.

Siz şu salga: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 11-nji gat, «Türkmennebit» Döwlet konsernine ýüz tutup bilersiňiz:

– tendere gatnaşmak islegiňizi bildirip (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär), gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we hasaplaryny görkezmek bilen arza bermek;

– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça tenderler hakynda» Kanuny, «Tenderiň geçirilmeginiň düzgünlerinden» göçürme hem-de tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– tehniki tabşyrygy, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– tendere gatnaşmak üçin 1725 ABŞ dollary (salgytlar bilen) ýa-da şonuň manat ekwiwalentini tölemek üçin hasap-faktura almak.

Gerekli maglumatlary şu elektron salgylardan ýükläp almak ýa-da ýokarda görkezilen salgydan almak mümkin: http://www.turkmennebit.gov.tm , http://www.oilgas.gov.tm

Bu tendere ähli gyzyklanma bildirýän we mümkinçilikleri bolan potratçylar gatnaşyp bilerler.

Tender tekliplerini tabşyrmagyň möhletleri baradaky maglumatlar «Нейтральный Туркменистан» gazetinde resmi habar berlen gününden başlap, ol http://www.turkmennebit.gov.tm we http://www.oilgas.gov.tm elektron salgylarynda elýeterlidir.

Ýokarda görkezilen möhletden soň gelip gowşan teklipler kabul edilmeýär we seredilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda berler.

Tender tekliplerini öz içine alýan bir sany möhürlenen bukja doly resminamalar bilen üpjün edilip, ýokarda görkezilen salga eltilmelidir. Bu bukja tender teklibiniň doly nusgasy bilen bilelikde elektron görnüşde anketa, şertnamanyň esasy şertleri («Word» formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýasy («Excel» formatynda) hökman ýerleşdirilmelidir.

Maglumat üçin telefonlar: 40-39-24, 40-35-55 (arzalary tabşyrmak üçin faks); 40-35-55, 40-35-53, 40-35-12 (tehniki meseleler boýunça); fer@turkmennebit.gov.tm (elektron salgysy).