Lot № 3 – Elektrotehniki, geofiziki, gözegçilik-ölçeg enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri we gurluşyk materiallary.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler şu salgy boýunça ýüz tutup bilerler:
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK:
– bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär) gatnaşmak isleýäniň doly adyny, onuň hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmek bilen tabşyrmak;
– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işler we hyzmatlar ýerine ýetirmek boýunça bäsleşikler hakyndaky” Kanuny bilen, “Bäsleşigi geçirmek düzgünleriniň” göçürmesi we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;
– lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
– bäsleşige gatnaşmak üçin bir lot üçin 575 ABŞ dollary (salgyt bilen bilelikde) ýa-da şoňa barabar manat möçberinde hasaplaşyk tölegini tölemek üçin hasap-fakturany almak.
Ýokarda agzalan bäsleşige ähli gyzyklanýan işjeň üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.
Bäsleşik bilen baglanyşykly ähli gerekli maglumaty şu elektron salgylardan ýükläp alyp ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz:
http://www.turkmennebit.gov.tm
http://www.oilgas.gov.tm
Bäsleşik teklipleri «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bu tender barada bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş günüň dowamynda, ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär.
Kesgitlenen möhletden soň gelip gowşan teklipler kabul edilmeýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça ýüz tutma bilen berlen wagty üpjün ediler.
Doly taýýarlanan möhür bilen tassyklanan bäsleşik teklibi ýapyk bukjada ýokarda görkezilen salgy boýunça eltilmelidir we ol serişdeler hasaba geçirilenden soň garalmaga kabul edilýär. Bukjanyň içine hökmany suratda anketa, şertnamanyň esasy şertleriniň (Word formatda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýanyň (Excel formatda) elektron görnüşi salynmalydyr.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
40-39-24, 40-39-90 (arzalary tabşyrmak üçin faks);
40-39-93, 40-35-11, 40-35-58 (tehniki meseleler boýunça);
fer@turkmennebit.gov.tm (elektron poçta).