Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Başlaýar:   23.01.2025
Gutarýar:   05.03.2025
Goýuldy:   23.01.2025

№ 93/2 «Türkmennebit» Döwlet konserni aşakdaky lot boýunçak halkara açyk tender yglan edýär

№ 2 – Jemi zawod üçin tehnologiýa, burow enjamy

_Size şu salga ýüz tutmak teklip edilýär: Türkmenistan, Aşgabat, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji etrap, «Türkmennebit» DK:

– Tendere gatnaşmak islegini bildirmek üçin ýüz tutma bermek (ofşor zonalarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan ýüz tutmalar kabul edilmeýär), onda gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, ýurtdaky hasaba alnan ýeri we hasap maglumatlary görkezilmeli;

– Türkmenistanyň «Döwlet üçin harytlary satyn almak, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň görkezilmegi boýunça tenderleriň guralmagy» baradaky Kanuny, «Tender geçirmegiň düzgünleri» baradaky göçürme we tendere gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– Lotyň spesifikasiýasy, tehniki talaplar we şertnama şertleri bilen tanyşmak;

– Tendere gatnaşmak üçin 575 ABŞ dollary (gatnaşmak üçin NDH bilen) ýa-da manat bilen ekwiwalentini tölemek üçin hasap almak.

Ýokarda görkezilen tendere ähli isleg bildirýän işjeň üpjün edijiler gatnaşyp bilýärler.

Zerur bolan ähli maglumatlary aşakdaky elektron salgylardan: http://www.turkmennebit.gov.tm , http://www.oilgas.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.

Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bu tender hakda bildiriş yglan edilen günden başlap 30 (otuz) iş güni dowamynda kabul edilýär, ýöne diňe ýerli wagt boýunça 30-njy iş gününde sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Tender teklipleri görkezilen möhletden soň kabul edilmez.

Pul serişdeleriniň geçirilmegi üçin hasap-faktura ýazmaça ýüz tutma wagtynda görkeziler.

Tender teklipleriniň doly bir bukjasyny möhürlenen görnüşde görkezilen salga eltmeli we hasaba alyş pul serişdeleriň hasaba geçmeginden soň kabul edilýär. Tender bukjasynyň içine hökmany suratda anketanyň elektron görnüşini, şertnamanyň esasy şertlerini (Word formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýany (Excel formatynda) goýmak gerek.

Soraglar üçin telefonlar: 40-39-24 (faks ýüz tutmalar üçin); 40-39-93, 40-39-90, 40-31-67, 40-31-82, 40-36-04 (tehniki soraglar üçin); fer@turkmennebit.gov.tm (elektron salgysy).