Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Başlaýar:   11.01.2025
Gutarýar:   21.02.2025
Goýuldy:   11.01.2025

№ 170 “Türkmennebit” Döwlet konserni aşakdaky lot boýunça harytlaryň satyn alynmagy üçin halkara açyk tender yglan edýär.

Lot № 4 – Awtoulag, traktor we ýöriteleşdirilen tehnikalar, olaryň ätiýaçlyk şaýlary we bölekleri.

Gyzyklanma bildirýän islendik gatnaşyjylar aşakdaky salga ýüz tutup bilerler:
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” Döwlet konserni:

– Bäsleşige gatnaşmak islegini beýan edip, gatnaşyjynyň doly adyny, hukugy ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we maglumatlaryny görkezmek bilen ýazmaça arza bermek (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär);

– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary döretmek boýunça tenderler hakynda” Kanuny, “Tender geçirmegiň Düzgünleriniň” göçürmesi we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– Lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– Tendere gatnaşmak üçin lotyň birine 575 ABŞ dollary möçberinde (NDH bilen bilelikde) ýa-da onuň manatda ekwiwalentini tölemek boýunça hasap-faktura almak (töleg yza gaýtarylmaýar).

Tendere gyzyklanma bildirýän ähli işjeň üpjün edijiler gatnaşyp biler.

Ähli zerur maglumatlary şu elektron salgylardan almak ýa-da ýokarda görkezilen salgydan elýeterli etmek mümkin:
www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm.

Tender teklipleri resmi taýdan «Нейтральный Туркменистан» gazetinde tender baradaky bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli, 30-njy iş güni.

Ýokarda görkezilen möhletden soň gelip gowşan teklipler kabul edilmeýär.

Töleg geçirmek üçin bank hasabynyň maglumatlary ýazmaça arza berlenden soň hödürlenýär.

Tender teklipleri ýerleşdirilen bir konwert degişli möhür bilen möhürlenip, ýokarda görkezilen salga bildiriş çap edilen gününden başlap tabşyrylmaly. Teklip diňe bank hasabyna pul serişdesiniň geçmeginden soň seretmäge kabul edilýär. Tender konwertine hökmany suratda aşakdakylaryň elektron görnüşi goşulmalydyr: arza, şertnamanyň esasy şertleri (Word formatda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (Excel formatda).

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
Arza tabşyrmak üçin faks: 40-39-39
Tehniki meseleler boýunça: 40-39-90, 40-39-93, 40-31-06, 40-39-83
E-poçta: fer@turkmennebit.gov.tm