“Türkmennebit” Döwlet konserni, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň harytlary, işleri we hyzmatlary üçin üpjün edijileri (podratçylary) bäsleşik (tender) esasynda saýlap almak boýunça toparyň adyndan, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda energiýa serişdelerini awtomatiki hasaba alyş ulgamynyň taslamasyny düzmek we ony gurnamak boýunça №57-30/1 belgili halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:
Bäsleşik teklipleri bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Bäsleşige degişli zerur maglumatlary http://www.turkmennebit.gov.tm, http://www.oilgas.gov.tm. web sahypalaryndan ýükläp alyp bilersiňiz ýa-da aşakdaky salgydan alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin belgileri:
+993 12 40-35-11
+993 12 40-35-58
+993 12 40-35-60
Faks:
+993 12 40-39-24
+993 12 40-39-90
Elektron salgysy:
fer@turkmennebit.gov.tm
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56