“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan, aşakdaky lot boýunça gaýtadan halkara açyk tenderler yglan edýär:
Lot № 2 – Zawodlaýyn, tehnologiki we buraw enjamlary;
Size aşakdaky salga ýüz tutmak teklip edilýär:
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK:
– tendere gatnaşmaga isleg bildirýän ähli gatnaşyjylardan (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bar bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär) gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk statusyny, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmek bilen arza tabşyrmak;
– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça tenderler hakyndaky” Kanuny, “Tender geçirmek düzgünlerinden” göçürme we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;
– lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
– tendere gatnaşmak üçin lota 575 ABŞ dollary (salgyt bilen) ýa-da şol möçberde manat ekwiwalentini tölemek hasaby almak.
Ýokarda görkezilen tendere ähli isleg bildirýän üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.
Ähli zerur maglumatlary aşakdaky elektron salgylardan ýükläp almak ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça almak mümkin:
http://www.turkmennebit.gov.tm, http://www.oilgas.gov.tm.
Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан» gazetinde degişli tender habarynyň resmi neşir edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär.
Bellik: görkezilen möhletden giç gelip gowşan teklipler kabul edilmeýär.
Puly geçirmek üçin hasap ýazmaça arza bilen ýüz tutan mahalyňyzda habar berler.
Bir sany möhürlenip berkidilen bukja tenderiň doly teklibi bilen ýokarda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmalydyr. Bukjada hökmany suratda aşakdakylary goşmak gerekdir: elektron anketa (Word formatynda), şertnamanyň esasy şertleri we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (Excel formatynda).
Habarlaşmak üçin telefonlar:
40-39-24 (arza tabşyrmak üçin faks);
40-39-93, 40-39-90, 40-33-06, 40-35-78 (tehniki soraglar üçin);
E-poçta: fer@turkmennebit.gov.tm.