Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Başlaýar:   24.12.2024
Gutarýar:   03.02.2025
Goýuldy:   24.12.2024

№ 161 “Türkmennebit” Döwlet konserni halkara açyk tender yglan edýär

“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan № 161 belgili halkara açyk tender yglan edýär we aşakdaky lot boýunça satyn almalary amala aşyrýar:

Lot № 2 – Zawodyň umumy, tehnologik hem-de buraw enjamlary

Bellenen tender boýunça isleg bildirýän taraplara şu salgy boýunça ýüz tutmak teklip edilýär: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK:

– tendere gatnaşmaga isleg bildirilýän arza tabşyrmak (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arza kabul edilmeýär). Arzada gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy we hasaplaryny görkezilmelidir;

– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça tenderler hakynda” kanuny, “Tenderi geçirmek boýunça düzgünleriň” göçürmesi we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– tendere gatnaşmak üçin bir lot boýunça 575 ABŞ dollary (NDH bilen) ýa-da manatda ekwiwalent möçberinde serişdeleri tölemek üçin hasap-fakturany almak.

Ýokarda agzalan tendere ähli gyzyklanma bildirýän üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Zerur bolan ähli maglumaty şu elektron salgylardan ýükläp bilersiňiz:
http://www.turkmennebit.gov.tm,
http://www.oilgas.gov.tm
ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.

Tender teklipleri “Нейтральный Туркменистан” gazetinde resmi habar çykarylan gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen 16:00-den giç bolmadyk wagtda kabul edilýär.

Bellenen möhletden soň gelip gowşan teklipler seredilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap-faktura, ýazmaça ýüz tutma wagtynda berilýär.

Ýapyk bukjada doly tender teklibi, möhür bilen tassyklanan görnüşde, görkezilen salgy boýunça tabşyrylmaly. Teklipler gazetiň resmi habary çap edilen gününden soň kabul edilýär we serişdeleriň hasaba geçirilmeginden soň seredilýär. Tender bukjasynyň içine hökmany suratda “Word” formatyndaky anketa, şertnamanyň esasy şertleri we “Excel” formatyndaky tehniki-ykdysady spesifikasiýa goşulmalydyr.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
40-39-24 (arzalary tabşyrmak üçin faks);
40-39-93, 40-39-90, 40-33-06, 40-35-78, 40-35-77 (tehniki soraglar üçin);
fer@turkmennebit.gov.tm (elektron poçta).