“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan № 162 belgili halkara açyk tender yglan edýär we aşakdaky lot boýunça satyn alşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär:
Lot № 2 – Zawodyň umumy hojalyk, tehnologiki hem-de buraw enjamlary
Siz aşakdaky salga ýüz tutup bilersiňiz:
Türkmenistanyň Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK:
– tendere gatnaşmak islegiňizi bildirýän, gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny hem-de hasaplaryny görkezýän arza bermek (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bar bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär);
– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlary üpjün etmek, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň amala aşyrylmagy boýunça tenderler hakynda” kanuny, “Tenderiň geçirilmeginiň düzgünleri” bilen tanyşmak hem-de tendere gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;
– lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
– tendere gatnaşmak üçin lot boýunça 575 ABŞ dollary möçberinde (NDH bilen bilelikde) ýa-da manatda ekwiwalent serişdeleri tölemek üçin hasap-fakturany almak.
Ýokarda görkezilen tendere gyzyklanma bildirýän ähli işjeň üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.
Tender boýunça zerur bolan ähli maglumatlary şu elektron salgylardan göçürip alyp bilersiňiz: http://www.turkmennebit.gov.tm, http://www.oilgas.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.
Tender teklipleri Türkmenistanyň “Нейтральный Туркменистан” gazetinde tender barada bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär.
Görkezilen möhletden giç gelen teklipler seretmek üçin kabul edilmeýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza berlen wagtynda habar berler.
Bir sany möhür bilen berkidilen tender teklibi goýlan bukja ýokarda görkezilen salgy boýunça bildiriş çap edilen gününden başlap getirilmeli we ol pul serişdeleriniň hasaba geçirilmeginden soň garalmaga kabul edilýär. Tender bukjasynyň içine hökmany ýagdaýda soragnama, şertnamanyň esasy şertleriniň (Word formatda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýasynyň (Excel formatda) elektron görnüşlerini salmak zerurdyr.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-39-24 (arzalary kabul etmek üçin faks); 40-39-93, 40-39-90, 40-33-06, 40-35-78 (tehniki meseleler üçin); fer@turkmennebit.gov.tm (elektron poçta).