“Türkmennebit” Döwlet konserni, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň harytlary, işleri we hyzmatlary üçin üpjün edijileri (podratçylary) bäsleşik (tender) esasynda saýlap almak boýunça toparyň adyndan, plastik poddonlary (paletleri) öndürmek boýunça desganyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanmagyna halkara tenderiň № 167 belgili täzeden yglan edilýändigini habar berýär. Bu plastik poddonlar (paletler) şahsy ýükleriň saklanylmagy, mehanizirlenen ýeriň üýtgedilmegi we ähli ulag görnüşleri bilen daşalmagy üçin niýetlenendir (TNGIZT).
Gyzyklanma bildirýänlere aşakdaky salga ýüz tutmak teklip edilýär:
Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK:
– Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler, doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmek bilen, isleg bildirişini tabşyrmaly (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň isleg bildirişleri kabul edilmeýär);
– Türkmenistanyň “Döwlet üpjünçiligi üçin harytlary getirmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň, hyzmatlary etmegiň bäsleşikleri hakynda” kanuny, “Bäsleşik geçirilişiň düzgünlerinden” göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmaly;
– Lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
– Bäsleşige gatnaşmak üçin 1725 amerikan dollary (NDH bilen) ýa-da lot üçin manatda ekwiwalent möçberde pul serişdelerini mugt esasda töläp, hasap alyş resminamasyny almaly.
Ýokarda görkezilen bäsleşige gyzyklanma bildirýän ähli işjeň üpjün edijiler gatnaşyp biler.
Spesifikasiýa ýa-da tehniki tabşyryk bilen http://www.oilgas.gov.tm, http://turkmennebit.gov.tm internet sahypalaryndan tanyşyp bilersiňiz.
Bäsleşik teklipleri “Нейтральный Туркменистан” gazetinde şu tenderiň yglan edilendigi baradaky habaryň resmi çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär, ýöne ýerli wagt bilen 16:00-dan gijä galman, 30-njy iş gününde tabşyrylmaly.
Belläp geçilen möhletden gijä galyp gelen teklipler seredilmeýär.
Pul serişdeleriniň geçirilmegi üçin hasap maglumatlary ýazmaça bildiriş bilen üpjün ediler.
Doly bäsleşik teklibi goýlan, möhür bilen berkidilen ýapyk konwertde ýokarda görkezilen salgy boýunça getirilip, pul serişdeleriň hasaba gelip gowuşanyndan soň seredilip başlanar. Bäsleşik konwertine hökmany suratda anketanyň elektron görnüşini, şertnamanyň esasy şertlerini (“Word” formatda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýasyny (“Excel” formatda) goşmaly.
Maglumat üçin telefonlar:
40-39-24 (isleg bildirişlerini tabşyrmak üçin faks),
40-39-90, 40-39-93, 40-35-68, 40-37-85 (tehniki soraglar üçin),
fer@turkmennebit.gov.tm (elektron poçta salgysy).