Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   21.12.2024
Gutarýar:   31.01.2025
Goýuldy:   21.12.2024

№ T/GAZ-042 “Türkmengaz” Döwlet konserni açyk bäsleşik yglan edýär

“Türkmengaz” Döwlet konserni 2024-nji ýylyň 20-nji dekabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli möhlet bilen, “Türkmengaz” DK-nyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça açyk bäsleşigiň № T/GAZ-042 belgili yglan edilýändigini habar berýär:

Lot № 2 – Umumy zawod enjamlary
Lot № 2 – Tehnologiki enjamlary

Gyzyklanma bildirýänlere aşakdaky salga ýüz tutmak teklip edilýär:
Türkmenistan, Aşgabat ş., 1939, Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK:

– Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň, kompaniýanyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmek bilen, ýazmaça isleg bildirişini tabşyrmagy (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň isleg bildirişleri kabul edilmeýär);
– Türkmenistanyň “Döwlet üpjünçiligi üçin harytlary getirmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň, hyzmatlary etmegiň bäsleşikleri hakynda” kanuny, “Bäsleşik geçirilişiň düzgünlerinden” göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmagy;
– Lotlaryň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin 500 (bäş ýüz) amerikan dollary ýa-da manatda ekwiwalent möçberde (NDH we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) bir lot üçin tölegiň hasap alyş resminamasyny mugt almak mümkin.

Gerekli maglumatlary aşakdaky salgylardan almak bolýar:
http://www.turkmengaz.gov.tm/ , http://www.oilgas.gov.tm/
Ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça maglumat almak bolýar.

Elektron poçta salgylary:
info@turkmengaz.gov.tm

Maglumat üçin telefonlar:
40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.

Bäsleşik teklipleri 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda ýerli wagt bilen 15:00-dan gijä galman tabşyrylmaly.

Belläp geçilen möhletden soň gelip gowşan teklipler kabul edilmez. Pul serişdeleriniň geçirilmegi üçin hasap maglumatlary ýazmaça bildiriş bilen üpjün ediler.

Doly bäsleşik teklibi (nark baha) goýlan, möhür bilen berkidilen ýapyk konwertde ýokarda görkezilen salgy boýunça getirilip, pul serişdeleriň hasaba gelip gowuşanyndan soň seredilip başlanar. Bäsleşik konwertine hökmany suratda anketanyň elektron görnüşini, şertnamanyň esasy şertlerini (“Word” formatda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýasyny (“Excel” formatda) goşmaly.

Elektron poçta salgylary:
info@turkmengaz.gov.tm, odum@turkmengaz.gov.tm

“Türkmengaz” DK-nyň internet salgysy:
http://www.oilgas.gov.tm/