«Türkmengaz» Döwlet konserni 2024-nji ýylyň 6-njy dekabryndan 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwaryna çenli zerurlyklary üçin № Т/GAZ-041 belgili material-tehniki serişdeleri satyn almak maksady bilen açyk bäsleşik yglan edýär:
Lot № 1 – Turba önümleri
Lot № 2 – Zawod üçin umumy enjamlar
Lot № 3 – Geofiziki enjamlar, materiallar we kabel önümleri
Lot № 5 – Kömekçi önümler
Siziň aşakdaky salgy boýunça ýüz tutmagyňyz teklip edilýär:
Şäher: Aşgabat, 1939, Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, «Türkmengaz» DK
– Bäsleşige gatnaşmak islegiňizi görkezýän (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär) doly gatnaşýan taraplaryň adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank hasaplaryny görkezýän ýazmaça arza tabşyryň;
– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleriň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň ýerine ýetirilişi boýunça bäsleşikler hakyndaky» Kanuny, «Bäsleşik geçirmegiň Düzgünlerinden» göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşyň;
– Lotlaryň spesifikasiýasyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini alyň.
Bäsleşige gatnaşmak üçin bir lot üçin 500 (bäş ýüz) ABŞ dollary ýa-da oňa deň möçberdäki manat bilen (NDH we bank çykdajylary hasaba alynmazdan) serişdeleriň töleg hasabyny alyň.
Bäsleşik bilen baglanyşykly ähli zerur maglumatlary şu internet salgylaryndan göçürip alyp bilersiňiz:
http://www.turkmengaz.gov.tm/
http://www.oilgas.gov.tm/
ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.
Elektron poçta salgysy: info@turkmengaz.gov.tm
Telefon belgileri: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.
Bäsleşik teklipleri ýerli wagt bilen 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwary sagat 15:00-a çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden soň gelip gowşan teklipler kabul edilmez. Pul serişdelerini geçirmegiň hasaby ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.
Doldurylan bäsleşik teklibi (bahalary görkezilen), möhür bilen tassyklanan bir bukjada ýokarda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmaly we serişdeler hasaba geçenden soň seredilmeli. Bäsleşik bukjasynyň içinde hökmany suratda elektron görnüşde «Word» formatda anketa, şertnamanyň esasy şertleri we «Excel» formatda tehniki-ykdysady spesifikasiýa ýerleşdirilmeli.
Elektron poçta salgylary: info@turkmengaz.gov.tm, odum@turkmengaz.gov.tm
«Türkmengaz» DK-nyň internet salgysy: http://www.oilgas.gov.tm/