«Türkmennebit» Döwlet konserni, Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň haryt, iş we hyzmatlar üpjünçileri (potratçylary) bäsleşikli (tender) saýlama toparynyň adyndan, № 166 belgili halkara tender yglan edýär. Tenderiň maksady – nasos-kompressor turbalarynyň (NKT) guýularyň, nebit geçirijileriniň içki diwarlaryndan asfalt-çökündili, çelekli we parafinli gatlaklary (AÇPG) arassalamak üçin parafin ýygnalmagynyň öňüni alýan inhibitörleri üpjün etmek we işe girizmek, şeýle-de «Türkmennebit» Döwlet konserniniň guýularyndaky dozator stansiýalaryna hyzmat etmek boýunça teklipleri işläp düzmekden ybarat.
Tendere gatnaşmak isleýänlere aşakdaky salga ýüz tutmak teklip edilýär: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, «Türkmennebit» Döwlet konserni:
– Tendere gatnaşmak islegini resmi hat arkaly bildirmek (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär) we onda gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank hasaplaryny görkezmek;
– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlary etmegiň tenderleri hakynda» Kanuny, «Tender geçirmek düzgünleriniň» düzgünnamasynyň çykarylyşy we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;
– Lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
– Tendere gatnaşmak üçin lota NDH bilen bilelikde 1725 ABŞ dollary möçberinde (ýa-da manatda ekwiwalent) serişdeleri tölemek üçin hasap resminamasyny almak.
Ýokarda agzalan tendere ähli gyzyklanma bildirýän işjeň üpjünçiler gatnaşyp bilerler. Lotuň spesifikasiýasy we tehniki tabşyryklary bilen http://www.oilgas.gov.tm , http://www.turkmennebit.gov.tm internet sahypalaryndan tanşyp bilersiňiz.
Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан» gazetinde resmi habar berlen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen 16:00-dan gijä galman kabul edilýär. Düzgünde bellenen möhletden giç gowşurylan teklipler seretmäge kabul edilmeýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça ýüz tutma wagtynda berler. Dolulygyna taýýarlanan tender teklibi möhür bilen berkidilen bir sany ýapyk konwertde ýokarda görkezilen salga eltilmeli. Teklipler, serişdeler hasaba geçirilenden soň seretmäge kabul edilýär. Tender teklip konwertiniň içine hökmany suratda şertnamanyň esasy şertleriniň we anketanyň elektron görnüşi («Word» formatynda), şeýle-de tehniki-ykdysady spesifikasiýanyň («Excel» formatynda) elektron görnüşi goşulmalydyr.
Maglumat üçin telefon belgileri: 40-39-24 (arzalary tabşyrmak üçin faks), 40-39-93, 40-39-90, 40-31-67, 40-31-82 (tehniki soraglar üçin), elektron poçta salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm.