«Türkmennebit» Döwlet konserni tender toparynyň adyndan № 165 belgili halkara açyk tender yglan edýär we aşakdaky lot boýunça satyn almagy amala aşyrýar:
Lot № 4 – Awtoulag, traktor, ýöriteleşdirilen tehnikalar, toplumlaýyn enjamlar we ätiýaçlyk şaýlary.
Gyzyklanma bildirýänlere aşakdaky salga ýüz tutmak teklip edilýär: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, «Türkmennebit» Döwlet konserni:
– Tendere gatnaşmak islegini resmi hat arkaly bildirmek (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär) we onda gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank hasaplaryny görkezmek;
– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlary etmegiň tenderleri hakynda» Kanuny, «Tender geçirmek düzgünleriniň» çykarylyşy we tenderde gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;
– Lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
– Tenderde gatnaşmak üçin lota NDH bilen bilelikde 575 ABŞ dollary (ýa-da manatda ekwiwalent) möçberinde töleg hasap resminamasyny almak.
Ýokarda agzalan tendere ähli gyzyklanma bildirýän işjeň üpjünçiler gatnaşyp bilerler. Zerur maglumatlary "TÜRKMENNEBIT" DÖWLET KONSERNI , Türkmenistanyň nebiti we gazy elektron salgylaryndan ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.
Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан» gazetinde resmi habar berlen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen 16:00-dan gijä galman kabul edilýär. Düzgünde bellenen möhletden giç gowşurylan teklipler seretmäge kabul edilmeýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça ýüz tutma wagtynda berler.
Dolulygyna taýýarlanan tender teklibi möhür bilen berkidilen bir sany ýapyk konwertde ýokarda görkezilen salga eltilmeli we serişdeler hasaba geçirilenden soň seretmäge kabul edilýär. Tender teklip konwertiniň içine hökmany suratda şertnamanyň esasy şertleriniň we anketanyň elektron görnüşi («Word» formatynda), şeýle-de tehniki-ykdysady spesifikasiýanyň («Excel» formatynda) elektron görnüşi goşulmalydyr.
Maglumat üçin telefon belgileri:
40-39-24 (arzalary tabşyrmak üçin faks);
40-39-93, 40-39-90, 40-31-67, 40-31-17, 40-31-77 (tehniki soraglar üçin);
Elektron poçta salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm.