“Türkmennebit” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan № 156 belgili halkara açyk tenderi aşakdaky lot boýunça harytlary satyn almak üçin yglan edýär:
Lot № 3 – Elektrotehniki, geofiziki, gözegçilik we ölçeg enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri we gurluşyk materiallary.
Bellenen tender boýunça aşakdaky salga ýüz tutup, gerekli şertleri öwrenip bilersiňiz:
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK:
– Tendere gatnaşmak islegiňizi bildirýän ýazmaça ýüz tutmany (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arza kabul edilmeýär) tabşyryp, gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we hasabyny görkezmek;
– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary amala aşyrmak boýunça tenderler hakynda” Kanuny bilen, “Tenderleri geçirmek düzgünleriniň” bölekleri we tenderde gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;
– Lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
– Tenderde gatnaşmak üçin lot boýunça 575 ABŞ dollary (NDH bilen) ýa-da şuňa barabar manat möçberinde tölegi tölemek üçin hasap-faktura almak.
Ýokarda görkezilen tendere ähli gyzyklanma bildirýän işjeň üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.
Gerekli bolan ähli maglumatlary aşakdaky elektron salgylar arkaly alyp bilersiňiz:
www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.
Tender teklipleri resmi taýdan «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne ýerli wagt bilen 16:00-dan giç bolmadyk möhletde tabşyrylmalydyr. Ýokarda görkezilen möhletden soň gelen teklipler kabul edilmeýär.
Töleg üçin hasap tendere gatnaşmak islegi baradaky ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.
Doldurylan tender teklibi ýerleşdirilen bir möhürlenen bukja ýokarda görkezilen salgy boýunça bildiriş çap edilen gününden başlap tabşyrylmaly we oňa tölegiň hasaba geçirilmeginden soň serediler. Bukjaň içine hökmany suratda “Word” formatynda anketa we şertnamanyň esasy şertleri, şeýle hem “Excel” formatynda tehniki-ykdysady spesifikasiýa salynmalydyr.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
– Arza tabşyrmak üçin: 40-39-24, 40-39-90 (faks);
– Tehniki soraglar boýunça: 40-39-93, 40-35-11, 40-35-58;
– Elektron poçta salgysy: fer@turkmennebit.gov.tm.