Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   19.11.2024
Gutarýar:   31.12.2024
Goýuldy:   19.11.2024

“Türkmennebit” DK maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär

“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparyň adyndan aşakda görkezilen lotlar boýunça №152 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär:

Lot №1 – Turbalar we metal önümler

Lot №2 – Umumy zawod, tehnologiki, buraw enjamlary

Lot №5 – Himiýa önümleri we kömekçi serişdeler

Size şu salgylar boýunça ýüz tutmak teklip edilýär:Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” Döwlet konserni.

– Tendere gatnaşmak islegini bildirýän arza tabşyrmak (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylar tarapyndan arzalar kabul edilmeýär), şeýle-de gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank hasap maglumatlaryny görkezmek;

– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlary üpjün etmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça tenderler hakynda” Kanuny, “Tender geçirmegiň düzgünlerinden” göçürme we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– Lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– Tendere gatnaşmak üçin her lot üçin 575 ABŞ dollary möçberinde (salgyt bilen birlikde) ýa-da şoňa deň bolan manat möçberinde töleg tölemek hakynda hasap-faktura almak.

Ýokarda görkezilen tendere ähli gyzyklanma bildirýän üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Tender bilen bagly ähli zerur maglumatlary aşakdaky elektron salgylar arkaly göçürip alyp bolýar: www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça ýüz tutup almak hem bolýar.

Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан»  gazetinde degişli tender yglan edilenden soň, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen 16:00-dan gijä galman tabşyrylmaly.

Görkezilen möhletden soň gelen teklipler kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmegiň hasap belgisi ýazmaça ýüzlenme bilen görkeziler.

Tender teklibi doly taýýarlanylyp, möhür bilen tassyklanan bir sany bukja görnüşinde ýokarda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmalydyr we ol pul serişdeleriniň hasaba geçendiginden soň kabul ediler. Bukjanyň içine hökmany ýagdaýda aşakdakylary goşmaly:

– Anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (“Word” formatynda);

– Tehniki-ykdysady spesifikasiýa (“Excel” formatynda).

Maglumat üçin telefonlar:

40-39-24 (arzalary tabşyrmak üçin faks);

40-39-93, 40-39-90, 40-31-17, 40-31-67, 40-31-76, 40-31-77 (tehniki meseleler boýunça);

fer@turkmennebit.gov.tm