Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   10.10.2024
Gutarýar:   20.11.2024
Goýuldy:   10.10.2024

№ 05/24 «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy halkara bäsleşigini gaýtadan bölekleýin yglan edýär

«Türkmengeologiýa» wlet korporasiýasy Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň üpjün edijilerini bäsleşik (tender) esasynda saýlap almak boýunça komissiýanyň adyndan № 05/24 belgili halkara tenderi gaýtadan bölekleýin yglan edýär. Bäsleşik «Türkmengeologiýa» DK-nyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça yglan edilýär:

2-nji lot – Zawod üçin umumy enjamlar, tehnologik we buraw enjamlary.

Bäsleşige gatnaşmak üçin şertlerimiz:

– bäsleşige gatnaşmak islegiňizi beýan edýän ýazmaça arza tabşyrmak (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär). Arzada gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy, bank maglumatlary we kompaniýanyň işi barada maglumat berilmelidir;

– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary üpjün etmek, işi ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda» Kanuny, «Bäsleşik geçirmegiň Düzgünlerinden» göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyş bolmak;

– lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak.

– bäsleşige gatnaşmak üçin lot boýunça 500 (bäş ýüz) ABŞ dollary ýa-da manatda ekwiwalenti (NDH we bank çykdajylary hasaba alynmazdan) möçberinde tölegiň tölenilmelidigini tassyklaýan hasaby almak.

Ýazmaça arza tabşyrylandan soň töleg hasaby berler. Bäsleşik resminamalarynyň bukjalary doly bäsleşik teklibi (kotirofka) bilen bir möhürli bukjada kabul edilýär we oňa «Türkmengeologiýa» DK-nyň hasabyna serişdeleriň gelmeginden soňra serediler. Bäsleşik teklibi bukjasynyň içinde bäsleşik resminamalarynyň sanawyna laýyklykda doldurylan resminamalar bolmaly. Bukjada hökmany suratda şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşi («Word» formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýasy («Excel» formatynda) bolmalydyr.

Yglan edilen lotuň spesifikasiýasy hem-de zerur maglumatlary http://www.tmgeology.gov.tm/ we/ýa-da http://www.oilgas.gov.tm/ internet sahypalaryndan ýükläp bilersiňiz.

Ýokarda görkezilen ähli resminamalar we bäsleşik teklipleri şu salgydaky «Türkmengeologiýa» DK-nyň adresine tabşyrylmaly: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56. Teklipleri tabşyrmak möhleti – gazetde bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen sagat 12:00-a çenli.

Elektron poçta adresi: tdk@tmgeology.gov.tm we marketing@tmgeology.gov.tm.

Maglumat üçin telefonlar: soraglar üçin: 40-34-52, 40-34-54; faks: 40-34-53; tehniki meseleler boýunça: 40-34-66.