Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   08.10.2024
Gutarýar:   18.11.2024
Goýuldy:   08.10.2024

«Türkmengaz» Döwlet konserni bäsleşik komissiýasynyň adyndan halkara bäsleşigiň deslapky saýlaw tapgyryny yglan edýär

«Garagum» kompressor stansiýasynyň toplumlaýyn taslamasyny düzmek we taýýar ýagdaýda gurmak boýunça halkara bäsleşigiň deslapky saýlaw tapgyry yglan edilýär.

Size aşakdaky salgy boýunça ýüz tutmak teklip edilýär: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 17-nji gat, «Türkmengaz» Döwlet konserni:

– deslapky saýlaw tapgyryna gatnaşmak islegiňiz barada ýazmaça ýüz tutma bermek (arzalar diňe degişli ugurda iş tejribesi bolan kompaniýalardan kabul edilýär. Ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär), ýüz tutmanyň içinde gatnaşyjynyň doly ady, hukugy derejesi, hasaba alnan ýurdy, bank maglumatlary we kompaniýanyň işi barada maglumat (esasy iş ugurlary, şuňa meňzeş taslamalarda iş tejribesi we ş.m.) görkezilmelidir;

– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işler geçirmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşikler hakyndaky» Kanuny bilen tanyşmak.

Deslapky saýlaw resminamalary «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bildirişiň resmi çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda, ýerli wagt bilen 30-njy iş gününiň 16:00-dan gijä galman kabul edilýär.

Ýokarda görkezilen möhletden giç gelen resminamalar kabul edilmez.

Deslapky saýlaw resminamalary ýokarda görkezilen salga gowşurylmalydyr.

Maglumat üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40, 40-32-50; faks: (+99312) 40-32-59.