Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   03.10.2024
Gutarýar:   13.11.2024
Goýuldy:   03.10.2024

«Türkmenhimiýa» Döwlet konserni halkara açyk tender yglan edýär

«Türkmenhimiýa» Döwlet konserni aşakdaky lot boýunça harytlary satyn almak üçin halkara açyk tender yglan edýär:

Lot № 6 – Fosfor dökünleri

Size şu salgy boýunça ýüz tutmagyňyz haýyş edilýär: Türkmenistanyň Senagat toplumy, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 132, 4-nji gat, 417-nji otag, «Türkmenhimiýa» DK-nyň Mtbug-y:

– tenderde gatnaşmak islegiňiz barada doly gatnaşýan tarapyň adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we doly maglumatlaryny görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmaly. Ofşor zonalarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arza kabul edilmeýär;

– Türkmenistanyň « Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakyndaky» Kanuny, «Türkmenhimiýa» DK üçin maddy-tehniki harytlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça tender geçirmegiň Düzgünnamasy» bilen tanyşmaly;

– tehniki tabşyrygy almaly;

Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda

– tender resminamalaryny almak üçin 500 (bäş ýüz) ABŞ dollary (söwdada NDS we bank çykdaýjylaryny göz öňünde tutmazdan) möçberinde töleg geçirip, tenderde gatnaşmak üçin resminamalaryň bukjasyny almaly.

Hemme zerur maglumatlary www.turkmenhimiya.gov.tm sahypasyndan göçürip almak ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bolýar.

Tender tekliplerini tabşyrmak üçin iň soňky möhlet – tenderiň çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli.

Ýokarda görkezilen möhletden soň gelen teklipler kabul edilmez we seredilmez.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza berilende görkeziler.

Tender teklipleriniň bukjalary şu salgy boýunça getirilmelidir: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 132, Türkmenistanyň Senagat toplumy, 4-nji gat, 417-nji otag, «Türkmenhimiýa» DK-nyň Mtbug-y.

Tender teklibini 2 (iki) ýapyk konwertde tabşyrmak zerurdyr. Birinji konwertiň içinde tehniki teklip, tehniki häsiýetnamalar we şertler, ikinji konwertiň içinde bolsa kommersiýa teklibi we şertler bolmalydyr. Tender konwertiniň içinde ähli resminamalaryň «PDF» formatyndaky skanirlenen görnüşi hem-de «Excel» formatynda spesifikasiýa hökmany suratda bolmalydyr.

Maglumat üçin telefon belgileri: 39-02-41, 39-01-85, 39-02-46, 39-01-71.