Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   19.09.2024
Gutarýar:   01.11.2024
Goýuldy:   23.09.2024

№ T/GAZ-035 «Türkmengaz» Döwlet konserni açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» Döwlet konserni 2024-nji ýylyň 19-njy sentýabryndan 1-nji noýabryna çenli «Türkmengaz» DK-nyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça açyk tender yglan edýär.

Lot № 3 – Elektroharytlar;

Lot № 5 – Kömekçi materiallar.

Şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., 1939, Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, «Türkmengaz» DK:

– tendere gatnaşmaga islegiňiz barada ýazmaça arza tabşyryp (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär), onda gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmeli; 

– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmegiň, işleriň we hyzmatlaryň  ýerine ýetirilmegi hakynda» Kanuny, «Tenderleri geçirmegiň düzgünleri» we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmaly; 

– lotlaryň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly. 

– Bir lot üçin 500 (bäş ýüz) ABŞ dollary ýa-da manatda ekwiwalent (NDH we bank tölegleri hasaba alynmazdan) möçberde serişdäniň tölenilmegi üçin hasap-faktura almak. 

Gerek bolan ähli maglumatlary http://www.oilgas.gov.tm/ salgysyndan ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz. 

Elektron poçta salgysy: turkmengaz@online.tm 

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42. 

Tender teklipleri 2024-nji ýylyň 1-nji noýabry, ýerli wagt bilen 15:00-a çenli kabul edilýär. 

Şu ýokarda görkezilen möhletden soň gelip gowşan teklipler kabul edilmez. 

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap-faktura ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler. 

Doly tender teklibi möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada ýokarda görkezilen salga gowşurylmaly we oňa pul serişdäniň hasaba geçmegi bilen serediler. 

Tender bukjasynyň içine hökmany suratda elektron görnüşinde anketany, şertnamanyň esasy şertlerini («Word» formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýasyny («Excel» formatynda) salmaly. 

Elektron poçta salgylary: info@turkmengaz.gov.tm, odum@turkmengaz.gov.tm 

«Türkmengaz» DK-nyň internet saýtynyň salgysy: http://www.oilgas.gov.tm/