Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   23.09.2024
Gutarýar:   01.11.2024
Goýuldy:   23.09.2024

№ 08/24 «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy halkara tender yglan edýär

«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň üpjün edijilerini bäsleşik (tender) esasynda saýlap almak boýunça tender toparyň adyndan № 08/24 halkara tender yglan edýär

«Türkmengeologiýa» DK-nyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça tender:

Lot № 3 – Elektrotehniki, geofiziki, gözegçilik we ölçeg enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri we gurluşyk materiallary .

Tendere gatnaşmak üçin siziň:

– tendere gatnaşmaga islegiňiz barada ýazmaça arza tabşyrmagyňyz (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär), gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny, bank maglumatlaryny we kompaniýanyň işi barada maglumatlary görkezmegiňiz;

– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmegiň, işleriň we hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi hakynda» Kanuny, «Tenderleri geçirmek düzgünleri» hem-de tendere gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmagyňyz;

– lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almagyňyz teklip edilýär.

Tendere gatnaşmak üçin her lota 500 (bäş ýüz) ABŞ dollary ýa-da manatda ekwiwalent (NDH we bank tölegleri hasaba alynmazdan) möçberde serişdäni tölemek üçin hasap-faktura almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap-faktura ýazmaça arza tabşyrylandan soň berler.

Bir ýapyk bukjada doly tender teklibi ( baha teklipleri görkezilýär) möhür bilen tassyklanylyp tabşyrylmaly we oňa serişdeler «Türkmengeologiýa» DK-nyň hasabyna geçirilenden soň serediler. Tender teklip bukjasy tender resminamalarynyň bukjasynda görkezilen sanaw esasynda düzülen bolmaly. Bukjanyň içine hökmany suratda elektron görnüşde anketany, şertnamanyň esasy şertlerini («Word» formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýasyny («Excel» formatynda) salmaly.

Gerekli maglumatlary we lotyň spesifikasiýasyny şu internet saýtlaryndan göçürip alyp bilersiňiz: http://www.tmgeology.gov.tm/ we/ýa-da http://www.oilgas.gov.tm/

Ýokarda görkezilen ähli resminamalar we tender teklipleri «Türkmengeologiýa» DK-nyň şu aşakdaky salgysyna tabşyrylýar: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56. Teklipleri tabşyrmak möhleti – bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen 12:00-a çenli.

Elektron poçta salgylary: tdk@tmgeology.gov.tm we marketing@tmgeology.gov.tm 

Habarlaşmak üçin telefonlar: maglumat üçin: 40-34-52, 40-34-54; faks: 40-34-53; tehniki meseleler boýunça: 40-39-05.