Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   20.09.2024
Gutarýar:   31.10.2024
Goýuldy:   20.09.2024

«Türkmengaz» Döwlet konserni halkara tender yglan edýär

«Türkmengaz» Döwlet konserni tender komissiýasynyň adyndan «Vectra 30G» kysymly güýç turbinasynyň düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi boýunça halkara tender yglan edýär.

Size aşakdaky salgy boýunça ýüz tutmak teklip edilýär: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56-njy jaý, 17-nji gat, «Türkmengaz» Döwlet konserni:

– tendere gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýanyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny, bank maglumatlaryny we kompaniýanyň işi barada maglumatlary (esasy iş ugurlary, meňzeş taslamalarda iş tejribesi we ş.m.) görkezmek bilen ýazmaça ýüzlenme tabşyrmak (ofşor zonalarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň ýüzlenmeleri kabul edilmeýär);

– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça tenderler hakynda» Kanuny bilen tanyşmak;

– ABŞ-nyň 1725 dollary (salgyt bilen) möçberindäki serişdäniň tölenilmegi üçin hasap-faktura almak.

Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан» gazetinde resmi bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne ýerli wagt bilen agşam sagat 18:00-dan gijä galman, 30-njy iş gününiň soňuna çenli tabşyrylmaly.

Ýokarda görkezilen möhletden soň gelip gowşan teklipler kabul edilmez.

Tender teklipleriniň bukjalary görkezilen salgy boýunça tabşyrylmaly.

Bellik: Tender resminamalarynyň doly bukjasy diňe tender tölegi tölenenden soň berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40, 40-32-50; faks: (+99312) 40-32-59.