Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   14.09.2024
Gutarýar:   25.10.2024
Goýuldy:   14.09.2024

«Türkmenhimiýa» Döwlet konserni halkara açyk tender yglan edýär

«Türkmenhimiýa» Döwlet konserni «Garabogazkarbamid» zawodynyň zerurlyklary üçin material-tehniki serişdeleri satyn almak maksady bilen halkara açyk tender yglan edýär:

2-nji lot – Zawod üçin umumy we tehnologiki enjamlar;

3-nji lot – Elektrotehniki önümler; 

5-nji lot – Himiýa önümleri we kömekçi materiallar; 

6-njy lot – AÝU we GPZ üçin ätiýaçlyk şaýlary.

Size aşakdaky salgy boýunça ýüz tutmagyňyz teklip edilýär: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 132, Türkmenistanyň Senagat toplumy, 4-nji gat, 417-nji otag, «Türkmenhimiýa» DK:

– bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän arzany tabşyryň, arzada gatnaşyjynyň doly ady, onuň hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we bank maglumatlary görkezilmeli. Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär;

– Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin bäsleşikler hakyndaky» Kanuny we «Türkmenhimiýa» DK üçin material-tehniki harytlary üpjün edijileri saýlap almak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmek düzgünleriniň» göçürmesi bilen tanyş boluň;

– tehniki şertnamany alyň;

– 500 (bäş ýüz) ABŞ dollary möçberinde (NDH we bank çykdajylary hasaba alynmazdan) gatnaşmak üçin bäsleşik resminamalaryny alyň.

Ähli zerur maglumatlary aşakdaky salgydan ýükläp bilersiňiz: www.turkmenhimiya.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz.

Bäsleşik tekliplerini tabşyrmak üçin iň soňky möhlet – tender çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 16:00-a çenli.

Ýokarda görkezilen möhletden giç tabşyrylan teklipler kabul edilmez we seredilmez. Pul serişdelerini geçirmek üçin bank hasaby ýazmaça ýüz tutma wagtynda berler.

Bäsleşik teklibi 2 (iki) sany möhürlenen bukjada tabşyrylmaly. Birinji bukjada tehniki teklipler, tehniki häsiýetnamalar we şertler görkezilmelidir, ikinji bukjada bolsa söwda teklibi we şertler ýerleşdirilmelidir. Bäsleşik bukjasyna ähli resminamalaryň skanirlenen görnüşi «PDF» formatynda we spesifikasiýa «Excel» formatynda hökman goşulmalydyr.

Maglumat üçin telefonlar: 39-01-85, 39-02-41, 39-02-46, 39-01-71.