Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   13.09.2024
Gutarýar:   24.10.2024
Goýuldy:   13.09.2024

№ 118/1 “Türkmennebit” Döwlet konserni halkara açyk tenderi gaýtadan yglan edýär

“Türkmennebit” Döwlet konserni tender komissiýasynyň adyndan № 118/1 belgili halkara açyk tenderi gaýtadan yglan edýär.

Lot № 4 – Awtoulag, traktor, ýörite tehnikalar, olaryň enjamlar we ätiýaçlyk şaýlary.

Biziň salgymyz: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK:

– tendere gatnaşmaga isleg bildiren gatnaşyjynyň doly ady, olaryň hukuk statusy, hasaba alnan ýurdy we bank maglumatlary görkezilen arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär);

– Türkmenistanyň «Döwlet sargytlary üçin harytlary üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary bermek boýunça tenderler hakynda» Kanuny, «Tender geçirmek düzgünleriniň» göçürmesi we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyş bolmaly;

– lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

– tendere gatnaşmak üçin ABŞ-nyň 575 dollary (salgyt bilen bilelikde) ýa-da manatda ekwiwalenti mukdarda töleg geçirmeli we töleg hasaby almaly.

Ýokarda görkezilen tendere gatnaşmaga isleg bildirýän ähli üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Tender baradaky ähli zerur maglumatlary aşakdaky elektron salgylar arkaly göçürip alyp bilersiňiz: www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.

Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан» gazetinde tender baradaky bildiriş resmi taýdan çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne ýerli wagt bilen 30-njy iş gününiň 16:00-a çenli tabşyrylmaly. Ýokarda görkezilen möhletden soň gelip gowşan teklipler göz öňüne tutulmaýar.

Töleg hasaby ýazmaça arza berilende görkeziler.

Doly tender teklibi bolan bir sany möhürlenen bukja ýokarda görkezilen salgy boýunça bildirişiň çap edilen gününden başlap tabşyrylmaly we oňa töleg hasaba alnan ýagdaýynda serediler. Tender bukjasynyň içine hökmany ýagdaýda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (“Word” formatda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (“Excel” formatda) ýerleşdirilmeli.

Maglumat üçin telefonlar: 40-39-39 (arzalary tabşyrmak üçin faks); 40-39-90, 40-39-93, 40-31-06, 40-39-83 (tehniki soraglar üçin).

fer@turkmennebit.gov.tm (elektron salgysy).