Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   07.09.2024
Gutarýar:   21.10.2024
Goýuldy:   07.09.2024

№ 141, 142, 143 «Türkmennebit» Döwlet konserni tender tekliplerini tabşyrmagyň möhletini uzaldýar

«Türkmennebit» Döwlet konserni tender toparynyň adyndan açyk tenderler boýunça № 141, 142, 143 tender tekliplerini tabşyrmagyň möhletini 2024-nji ýylyň 21-nji oktýabryna çenli uzaldýar.

Şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, «Türkmennebit» DK:

– Tenderlere gatnaşmaga isleg bildirip (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär), gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmek bilen arza bermek;

– Türkmenistanyň «Döwlet islegleri üçin harytlary satyn almak, işleriň we hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi boýunça tenderler hakyndaky» Kanuny, «Tenderiň geçirilmeginiň düzgünlerinden» göçürme we tenderlere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– Lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– Tenderlere gatnaşmak üçin her lota 1725 ABŞ dollary (PAÝsal bilen) möçberinde ýa-da manatda deňeşdirilen serişdeleri tölemek üçin hasap-faktura almak.

Gerek bolan ähli maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm elektron salgylaryndan göçürip alyp ýa-da ýokarda görkezilen salgy arkaly ýüzlenip bilersiňiz.

Ýokarda görkezilen tenderlere ähli gyzyklanma bildirýän potensial üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Ýokarda görkezilen tenderler boýunça tender tekliplerini tabşyrmak möhletleri barada maglumatlar «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bu tenderler boýunça bildirişiň resmi çap edilýän gününden başlap, www.turkmennebit.gov.tm we www.oilgas.gov.tm elektron salgylarynda ýerleşdiriler.

Bellik edilen möhletden giç gelen teklipler seredilmez.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap-faktura ýazmaça arza bilen berilýär.

Doly tender teklibi bir sany möhürlenen bukjada ýerleşdirilip, bildiriş çap edilenden soň ýokarda görkezilen salga getirilmelidir we ol pul serişdeleri hasaba geçenden soň kabul ediler. Tender bukjasyna hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň («Word» formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýanyň («Excel» formatynda) elektron görnüşi goşulmalydyr.

Maglumat üçin telefonlar: 40-39-24 (arzalary tabşyrmak üçin faks); 40-39-90, 40-39-93, 40-33-06, 40-37-85, 40-35-69 (tehniki meseleler boýunça).

Elektron poçta: fer@turkmennebit.gov.tm.