«Türkmengaz» Döwlet konserni 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndan 2024-nji ýylyň 16-njy oktýabryna çenli «Türkmengaz» DK-nyň zerurlyklary üçin material-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça açyk tender № T/GAZ-034 yglan edýär:
Lot № 1 – Turbalar we metal önümleri
Şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., 1939, Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, «Türkmengaz» DK:
– tendere gatnaşmak islegiňizi beýan edýän arza bermek (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arza kabul edilmeýär) we gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we maglumatlaryny görkezmek;
– Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlary, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary bermek boýunça tenderler hakynda” kanuny, “Tenderleri geçirmek düzgünlerinden” çykarmalar we tenderlere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;
– lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
– Tendere gatnaşmak üçin lota 500 (bäş ýüz) ABŞ dollary ýa-da degişlilikde manatda pul serişdelerini tölemek üçin (NDH we bank çykdajylary hasaba alynmazdan) hasapnamany almak.
Ähli zerur maglumaty http://www.oilgas.gov.tm/ salgysyndan ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.
Elektron poçta salgysy: turkmengaz@online.tm
Maglumat üçin telefonlar: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.
Tender teklipleri ýerli wagt bilen 2024-nji ýylyň 16-njy oktýabry sagat 15:00-a çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç gelip gowşan teklipler kabul edilmez. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza berlende görkeziler.
Bir möhürlenen konwertde doly tender teklibi (nobatdaky baha) ýokarda görkezilen salga gowşurylmalydyr we oňa pul serişdeleri hasaba geçenden soň serediler. Tender bukjasyna hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri («Word» formatda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa («Excel» formatda) goşulmalydyr.
Elektron poçta salgylary: info@turkmengaz.gov.tm, odum@turkmengaz.gov.tm
«Türkmengaz» DK-nyň internet saýtynyň salgysy: http://www.oilgas.gov.tm/