Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   31.08.2024
Gutarýar:   11.10.2024
Goýuldy:   31.08.2024

№ 147 «Türkmennebit» Döwlet konserni halkara tender yglan edýär

«Türkmennebit» Döwlet konserni Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna harytlary, işleri we hyzmatlary ýerleýji (podradçylyk) üpjün edijileri bäsleşik (tender) esasynda saýlap alyş komissiýasynyň adyndan halkara tender yglan edýär № 147.

Aşakdaky salga ýüz tutmak teklip edilýär: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, «Türkmennebit» DK:

– tenderebgatnaşmak islegiňiz barada arza bermek (ofşor zonalarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arza kabul edilmeýär) we gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurdy we bank maglumatlaryny görkezmek;

– Türkmenistanyň «Döwlet islegleri üçin harytlary üpjün etmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça tenderler hakynda» Kanuny, «Tender geçirmek düzgüleriniň» çykarylan nusgasy we tendere gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;

– tendere gatnaşmak üçin 1725 ABŞ dollary (NDH bilen) ýa-da degişlilikde manatda pul serişdelerini tölemek üçin hasapnamany almak.

Ýokarda görkezilen tendere ähli gyzyklanýan potensial üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Spesifikasiýa ýa-da tehniki tabşyryklar bilen www.oilgas.gov.tm, turkmennebit.gov.tm internet-saýtlarynda tanyşyp bilersiňiz.

Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bu tender barada resmi bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş günüň dowamynda, emma ýerli wagt bilen 30-njy iş güni 16:00-dan gijä galman kabul edilýär.

Bellenilen möhletden giç gelip gowşan teklipler seredilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgi ýazmaça arza berlende görkeziler.

Tender teklibi möhürlenen ýagdaýda, ýokarda görkezilen salga bildiriş çap edilen gününden başlap gowşurylmalydyr we oňa pul serişdeleri hasaba geçenden soň seredilýär. Tender bukjasyna hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri («Word» formatda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa («Excel» formatda) goşulmalydyr.

Maglumat üçin telefonlar: 40-39-24, 40-39-90 (arzalary kabul etmek üçin faks); 40-39-93, 40-35-55, 40-37-85, 40-35-69 (tehniki soraglar üçin).

fer@turkmennebit.gov.tm (elektron salgysy).