Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   30.08.2024
Gutarýar:   14.10.2024
Goýuldy:   29.08.2024

№ T/GAZ-033 «Türkmengaz» Döwlet konserni açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» Döwlet konserni 2024-nji ýylyň 30-njy awgustyndan 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabryna çenli «Türkmengaz» DK-nyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça açyk tender № T/GAZ-033 yglan edýär.

1-nji lot – Turbalar we metal önümleri

Size aşakdaky salgy boýunça ýüz tutmak teklip edilýär: Aşgabat ş., 1939, Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, «Türkmengaz» DK:

- Tendere gatnaşmak islegiňiz barada doly gatnaşyjy ady, onuň hukuk statusy, hasaba alnan ýurdy we bank maglumatlary görkezilen ýazmaça arza tabşyryň (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bar bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär).

- Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça tenderler hakynda» Kanuny, «Tender geçirmegiň düzgünleri» baradaky göçürmesi we tendere gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşyň.

- Lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini alyň.

- Tendere gatnaşmak üçin lota 500 (bäş ýüz) ABŞ dollary ýa-da şolaryň manat ekwiwalentine (NDH we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) barabar serişdäniň töleg fakturasyny alyň.

Ähli zerur maglumaty şu salgy boýunça ýükläp alyp bilersiňiz: http://www.oilgas.gov.tm/ ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz.

Elektron poçta salgysy: 

turkmengaz@online.tm

Habarlaşmak üçin telefonlar: 

40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.

Tender teklipleri 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabry, ýerli wagt bilen 15:00-a çenli kabul edilýär. Ýokarda görkezilen möhletden soň gelen teklipler kabul edilmez. Pul serişdelerini geçirmegiň hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.

Doly tender teklibi (nyrhnama) goşulan we möhür bilen tassyk edilen bir möhürli bukja, bildiriş çap edilen gününden başlap ýokarda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmaly we oňa pul serişdeleri hasaba geçirileninden soň serediler. Tender bukjasyna hökmany tertipde şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşini («Word» formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýasyny («Excel» formatynda) goşuň.

Elektron poçta salgylary: 

info@turkmengaz.gov.tm 

odum@turkmengaz.gov.tm

«Türkmengaz» DK-nyň internet saýtynyň salgysy: 

http://www.oilgas.gov.tm/