Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   29.08.2024
Gutarýar:   09.10.2024
Goýuldy:   29.08.2024

№148 «Türkmennebit» Döwlet konserni halkara açyk tender yglan edýär

«Türkmennebit» Döwlet konserni tender toparynyň adyndan aşakdaky lot boýunça №148 halkara açyk tender yglan edýär:

Lot № 2 – Zawod üçin umumy, tehnologiki we buraw enjamlary.

Size aşakdaky salgy boýunça ýüz tutmak teklip edilýär: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, «Türkmennebit» DK:

- Tendere gatnaşmak islegiňiz barada doly gatnaşyjy ady, onuň hukuk statusy, hasaba alnan ýurdy we bank maglumatlary görkezilen ýazmaça arza tabşyryň (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bar bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär).

- Türkmenistanyň «Döwlet zerurlyklary üçin harytlary getirmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça tenderler hakynda» Kanuny, «Tender geçirmegiň düzgünleri» baradaky göçürmesi we tendere gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyşyň.

- Lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplaryny we şertnamanyň esasy şertlerini alyň.

- Tendere gatnaşmak üçin lota 575 ABŞ dollary (NDH bilen) ýa-da şolaryň manat ekwiwalentine barabar serişdäniň töleg fakturasyny alyň.

Ýokarda görkezilen tendere ähli gyzyklanýan potensial üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Ähli zerur maglumaty şu elektron salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz:
www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm
ýa-da ýokarda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz.

Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bu tenderiň bildirişi resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne ýerli wagt bilen 16:00-dan gijä galman, 30-njy iş gününde tabşyrylmaly. Ýokarda görkezilen möhletden soň gelen teklipler kabul edilmez.

Pul serişdelerini geçirmegiň hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.

Doly tender teklibi goşulan we möhür bilen tassyk edilen bir möhürli bukja, bildiriş çap edilen gününden başlap ýokarda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmaly we oňa pul serişdeleri hasaba geçirileninden soň serediler. Tender bukjasyna hökmany tertipde şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşini («Word» formatynda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýasyny («Excel» formatynda) goşuň.

Habarlaşmak üçin telefonlar:
40-39-24 (arza tabşyrmak üçin faks);
40-39-93, 40-39-90, 40-33-06, 40-35-77 (tehniki meseleler üçin).

Elektron poçta salgysy:
fer@turkmennebit.gov.tm