Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   27.08.2024
Gutarýar:   17.10.2024
Goýuldy:   27.08.2024

№ 131/1 “Türkmennebit” Döwlet konserni açyk bäsleşik boýunça tender tekliplerini tabşyrmagyň möhletini uzaldýar

“Türkmennebit” Döwlet konserni bäsleşik toparynyň adyndan № 131/1 açyk bäsleşik boýunça material-tehniki serişdeleri satyn almak üçin tender tekliplerini tabşyrmagyň möhletini 2024-nji ýylyň 17-nji oktýabryna çenli uzaldýar.

Size şu salgylara ýüz tutmak teklip edilýär: Türkmenistanyň, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK:

- Tendere gatnaşmak islegiňiz barada (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär) gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank maglumatlaryny görkezmek bilen arza bermek.

- Türkmenistanyň “Döwlet zerurlyklary üçin harytlary üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça tenderler hakynda” kanuny, “Tender geçirmegiň düzgünlerinden” çykarylan göçürme we tendere  gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak.

- Lotuň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak.

- Tendere gatnaşmak üçin töleg hökmünde 1725 ABŞ dollary (NDH bilen) ýa-da şol möçberde manatda ekwiwalent serişde üçin hasap-faktura almak.

Ähli zerur maglumatlary www.turkmennebit.gov.tm, www.oilgas.gov.tm elektron salgylaryndan ýa-da ýokarda görkezilen salgydan alyp bilersiňiz.

Ýokarda görkezilen tendere gyzyklanma bildirýän ähli mümkin bolan üpjün edijiler gatnaşyp bilerler.

Ýokarda görkezilen bäsleşik boýunça tender tekliplerini tabşyrmak möhletleri barada maglumaty “Нейтральный Туркменистан” gazetinde bäsleşik baradaky bildirişiň resmi çap edilen gününden başlap, www.turkmennebit.gov.tm we www.oilgas.gov.tm elektron salgylaryndan alyp bilersiňiz.

Bellenilen möhletden soň gowşan teklipler seredilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap maglumatlary ýazmaça arza berlen wagtynda görkeziler.

Tender teklibi möhürlenen bir bukjada doly mazmunly hödürnama bilen, bellenen möhletiň çäginde ýokarda görkezilen salga gowşurylmalydyr we oňa pul serişdeleri hasaba geçirileninden soň serediler. Tender bukjasynyň içine hökmany tertipde şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşi (“Word” formatda) we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (“Excel” formatda) goýulmalydyr.

Maglumat almak üçin telefon belgileri:

- 40-39-90 (arzalary tabşyrmak üçin faks);

- 40-39-93, 40-36-21, 40-36-74, 40-30-67 (tehniki meseleler üçin).

Elektron poçta: fer@turkmennebit.gov.tm