Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Başlaýar:   24.08.2024
Gutarýar:   04.10.2024
Goýuldy:   24.08.2024

«Türkmengaz» Döwlet konserni gaýtadan halkara tender yglan edýär

«Türkmengaz» Döwlet konserni tender toparynyň adyndan «Galkynyş» ýatagyndaky bar bolan desgalara goşmaça 14 guýyny birikdirmek üçin ähli görnüşdäki ýerüsti işleriň taslamasyny düzmek we «açar tabşyrmak» şertlerinde ýerine ýetirmek boýunça potratçyny saýlap almak maksady bilen, gaýtadan halkara tender yglan edýär.

Şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, «Türkmengaz» Döwlet konserni, Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirligi, 17.24a otag

– tendere gatnaşmak islegi barada ýazmaça arza (ofşor zonalarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär) bermek, gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny, bank maglumatlaryny we kompaniýanyň işi barada maglumat (esasy iş ugurlary, meňzeş taslamalardaky tejribesi we ş.m.) görkezmek;

– Türkmenistanyň "Döwlet zerurlyklary üçin harytlary satyn almak, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda" Kanuny, "Tender geçirmegiň düzgünlerinden" göçürme we tendere gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;

– 1725 ABŞ dollary möçberinde ýa-da Şertnama laýyklykda manatda (NDH salgytyny goşmak bilen) şol ekwiwalentde töleg hasapnamasyny almak.

Tender teklipleri resmi taýdan «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bildirişiň çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýöne ýerli wagt bilen 30-njy iş gününde sagat 16:00-dan gijä galman kabul edilýär.

Ýokarda görkezilen möhletden giç gelen teklipler kabul edilmeýär.

Tender teklipleriniň bukjalary ýokarda görkezilen salga eltilmeli.

Bellik: Tender resminamalarynyň doly bukjasy diňe tender tölegi tölenenden soň berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+99312) 40-32-40, 40-32-50; faks: (+99312) 40-32-59.